Uly şow­hu­na bes­le­nen XXI Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň ta­mam­la­na­ny­na ýa­rym aý geç­di. Bi­ri-bi­rin­den owa­dan gol­lar, gy­zyk­ly, çe­ke­le­şik­li du­şu­şyk­lar, aja­ýyp sta­di­on­lar, Wi­deo Asis­tent Emin ul­ga­my, güýç­li ýy­gyn­dy­la­ryň öýlerine ir do­lan­ma­gy ýa­ly wa­ka­lar bi­len ýat­da ga­lan çem­pio­nat­da Fran­si­ýa ýe­ňiş ga­zan­dy. Ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da fi­na­la çy­kan Hor­wa­ti­ýa-da edil çem­pi­on bo­lan deý uly al­kyş al­dy. Bu ýyl­ky fut­bol baý­ram­çy­ly­gyn­da Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy gol ge­çir­mek­de Ger­ma­ni­ýa­nyň re­kor­dy­ny tä­ze­le­me­gi ba­şar­dy. Ýe­ňiş ga­zan­mak ba­bat­da äh­li to­par­lar­dan öň­de bo­lan Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Ger­ma­ni­ýa bi­len bi­le­lik­de, Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da iň köp du­şu­şyk ge­çi­ren to­par­lar­dyr. Bil­şi­ňiz ýa­ly, Bra­zi­li­ýa äh­li Dün­ýä Ku­bo­gy ýa­ry­şy­na gat­na­şan ýe­ke-täk ýy­gyn­dy­dyr. Ge­çi­ril­ýän döw­rün­de parh­ly-parh­syz hem­mä­niň ün­sü­ni özü­ne jem­le­ýän Dün­ýä Ku­bo­gy ýe­ne-de 4 ýyl­dan gaý­dyp ge­ler. No­bat­da­ky Dün­ýä Ku­bo­gy 2022-nji ýyl­da Azi­ýa yk­ly­myn­da, has ta­ky­gy, Ka­tar döw­le­tin­de ge­çi­ri­ler. Ka­tar döw­le­ti Dün­ýä Ku­bo­gyn­da çy­kyş et­jek 80-nji ýy­gyn­dy bo­lar.
Il­kin­ji gezek 1930-njy ýyl­da, mun­dan 88 ýyl ozal, ge­çi­ri­len Dün­ýä Ku­bo­gy­na hä­zir­ki wag­ta çen­li 79 ýy­gyn­dy gat­naş­dy. Eý­sem, şol 79 ýy­gyn­dy umu­my­lyk­da nä­hi­li ne­ti­je­ler ga­za­nyp­dyr, nä­çe gol ge­çi­rip­dir, nä­çe ýe­ňiş ga­za­nyp­dyr. Haý­sy to­par­lar köp gol ge­çi­rip­dir, haý­sy­la­ry en­tek ýe­ňiş hem ga­zan­man­dyr ýa-da gol hem ge­çi­rip gör­män­dir? Mah­la­sy, to­par­la­ryň ga­za­nan utuk­la­ry­na gö­rä (ir­ki ýyl­lar­da her ýeň­şe 2 utuk be­ril­ýär­di, ýö­ne sa­naw 3 utuk esa­syn­da dü­zül­di) dü­zü­len bu sa­naw XXI Dün­ýä Ku­bo­gyn­dan soň­ky jem­leý­ji sa­naw­dyr. Şol nuk­daý­na­zar­da­nam bu jem­leý­ji sa­na­wy siziň dyk­ga­tyňyza ýe­tir­me­gi ma­kul gör­dük.