Formula 1 boýunça möwsümiň 11-nji bäsleşigi Germaniýanyň Hokenhaým şäherçesindäki 4574 metrlik “Hokenhaýmring” trassasynda geçirildi. 67 aýlawdan ybarat bolan bäsleşigi ýer eýesi hökmünde görülýän Sebastian Wettel (“Ferrari”) ilkinji hatardan bat aldy. Ýaryş 52-nji aýlawa çenli adaty ýagdaýda dowam etdi. Ýagşyň güýçlenmegi bilen typançak bolan ýodada sanawyň lideri kiçeňräk awariýa sezewar boldy. Ol ulagyna erk edip bilmän, netijede, ýaryşdan çykdy. Şondan soň, 57-nji aýlawa çenli ýaryş howpsuzlyk ulagynyň gözegçiliginde geçdi. Ahyrynda-da wagtynda amala aşyran pit-stop taktikalary bilen bäsleşip, öňdäki orunlara çykan “Mercedes”-iň britan piloty Lewis Hamilton öňe saýlandy. Aslynda, ol 14-nji bolup ýaryşa başlapdy. Galan 10 aýlawy-da ýeňillik bilen 1-nji orunda tamamlan Hamilton şu möwsümdäki 4-nji, karýerasyndaky 66-njy ýeňşini gazandy. Ondan 4,5 sekunt yza galan topardaşy, finlýandiýaly Waltteri Bottas 2-nji ýere mynasyp boldy. Hamiltondan 6,7 sekunt soň, pellehana gelen başga bir fin piloty, “Ferrari” toparynyň wekili Kimi Raikkonen 3-nji orny eýeledi. Gollandiýaly Maks Werstappen (“Red Bull”), germaniýaly Niko Hulkenberg (“Renault”), fransiýaly Roman Grožan (“Haas”), meksikaly Serhio Perez, fransiýaly Esteban Okon (ikisem — “Force India”), şwesiýaly Markus Eriksson, awstraliýaly Brendon Hartli degişlilikde, 4–10-njy ýerleri eýeläp, ýaryşda utuk gazanan beýleki pilotlar boldy.
Bu ýaryşdan soň, utugyny 188-e ýetiren Hamilton sanawda 1-nji orna çykdy. Öz ýurdundaky “Gran Prini” şowsuzlygy sebäpli utuksyz tamamlan Wettel 2-nji basgançaga düşdi (177 utuk). 3–4-nji orunlary paýlaşýan finlýandiýaly pilotlar — Raikkoneniň 131, Bottasyň 122 utugy bar. Awstraliýaly Daniel Rikkiardo 106 utuk bilen 5-nji hatarda barýar.
Toparlaryň arasynda-da utugyny 310-a ýetiren “Mercedes” öňe saýlandy. “Ferrariniň” 302, “Red Bulluň” 211 utugy bar. Möwsümiň 12-nji ýaryşy 29-njy iýulda, ýagny ertir Wengriýada geçiriler. Şondan soň, Formula 1 ýaryşlarynda bir aýa golaý wagtlyk arakesme yglan ediler.