NBA-nyň ger­ma­ni­ýa­ly we­te­ran bas­ket­bol­çy­sy Dirk Nowiski to­pa­ry “Dal­las Ma­we­riks” bi­len şert­na­ma­sy­nyň möh­le­ti­ni ýe­ne bir ýyl uzalt­dy. Şeý­le­lik­de, 40 ýa­şyn­da­ky bas­ket­bol­çy bir klub­da 21-nji möw­sü­mi­ni ge­çi­rer we bu ba­bat­da re­kor­dyň ýe­ke-täk eýe­si bo­lar. 1998-nji ýyl­dan bä­ri “Dal­la­syň” köý­nek­çe­si­ni ge­ýip gel­ýän No­wis­ki hä­zir­ki wagt­da re­kor­dy 20 möw­süm “LA Leý­kers­de” oý­nan Ko­bi Bra­ýant bi­len paý­laş­ýar. 13 ge­zek “All Sta­ra” saý­la­nan No­wis­ki 2011-nji ýyl­da to­pa­ry­nyň NBA-nyň çem­pio­ny bol­ma­gy­na uly go­şant go­şup, ol fi­nal tap­gy­ry­nyň iň gym­mat­ly oýun­çy­sy saý­la­nyp­dy. 2007-nji ýyl­da-da ada­ty möw­sü­miň iň gym­mat­ly oýun­çy­sy saý­la­nan No­wis­ki NBA-da 1471 du­şu­şyk ge­çir­di. Ger­ma­ni­ýa­ly su­per ýyl­dyz bu oýun­lar­da or­ta­ça, 21,2 utuk, 7,7 ri­baund hem-de 2,5 asist­lik gör­ke­zi­ji­ler bi­len çy­kyş et­di. Ol NBA-nyň ta­ry­hyn­da­ky iň köp utuk ge­çi­ren 6-njy bas­ket­bol­çy­dyr.