Ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine esasy ugur hökmünde garaýan hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamalarynyň hem-de ýurdumyzy ykdysady we durmuş taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine seredildi, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şonuň ýaly-da, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere we beýleki käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Şeýle hem “Amul – Hazar 2018” halkara rallisine taýýarlyk görmegiň barşy barada habar berildi.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we harby-hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hasabatlar bilen çykyş etdiler. Ministrler Kabinetiniň bilelikdäki mejlisiniň çäklerinde ýurdumyzda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan birnäçe işlere seredildi.
IRI NEBIT KÄRHANASY GURULDY
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde berlen hasabatlardan görnüşi ýaly, “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň Daşoguz nebit kärhanasynyň täze binalar toplumy guruldy. Bu kärhananyň eýeleýän meýdany 10 gektara deňdir. Ol her ýylda 180 müň tonna nebit önümlerini hem-de 1,5 müň tonna çalgy ýaglaryny kabul eder we ýangyç guýujy beketlere ugradar.
Uglewodorod serişdelerine baý gorlaryna eýe bolan ýurdumyzda nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberini, ýurdumyzyň içinde hem-de dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän dürli nebit we gaz önümleriniň öndürilişini yzygiderli artdyrmak babatda köp işler durmuşa geçirilýär.
HALYÇYLYK SUNGATY
TÄZE ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR
Ýurdumyzda milli halyçylygy mundan beýläk-de ösdürmek, halyçylaryň mynasyp zähmet şertlerini üpjün etmek maksady bilen, Dokma senagaty ministrligi tarapyndan Aşgabadyň çeper halyçylyk kärhanasynyň paýtagtymyzyň binagärlik keşbine laýyk gelýän täze döwrebap binasynyň gurulmagy meýilleşdirilýär. Öňdebaryjy önümçilikleriň derejesinde enjamlaşdyrylan täze çeper halyçylyk kärhanalaryny welaýatlarda hem gurmak göz öňünde tutulýar. Şolaryň işe girizilmegi bilen dürli görnüşli haly hem-de haly önümleriniň öndürilişini artdyrmaga mümkinçilik dörär.
Mundan başga-da, dünýäde türkmen halyçylyk sungatyny wagyz etmek, pudagyň ýokary hilli önümleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça işler dowam etdirilýär.
DOSTLUKLY ÝURDUŇ
HARYTLARYNYŇ SERGISI
Mejlisiň çäklerinde berlen hasabatlara görä, şu ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek göz öňünde tutulýar. 15–17-nji dekabrda geçirilmegi meýilleşdirilen bu çäräniň esasy maksady Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmek, şeýle hem bu ýurduň dürli sebitlerinden bolan kompaniýalaryň eksport mümkinçiliklerini hem-de senagat kuwwatlyklaryny görkezmek bolup durýar.
TÄZE PAÝDARLAR
JEMGYÝETI DÖREDILDI
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde milli Liderimiziň garamagyna ýurdumyzda ulag ulgamyndaky işleriň utgaşykly dowam etdirilmegini üpjün etmek maksady bilen, täze paýdarlar jemgyýetinin döretmek hakyndaky Kararyň taslamasy hödürlendi. Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge degişli Karara gol çekdi. Demir ýol ulaglary, Awtomobil ulaglary, Aragatnaşyk ministrlikleri, “Türkmenhowaýollary” gullugy, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy hem-de Döwlet ätiýaçlandyryş edarasy paýdarlar jemgyýetiniň esaslandyryjylary bolup çykyş edýärler.
Resminama laýyklykda, “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge esaslandyryjylar hökmünde Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligine – esaslyk maýadaky paýy 35 göterim, Awtomobil ulaglary ministrligine – esaslyk maýadaky paýy 10 göterim,Aragatnaşyk ministrligine – esaslyk maýadaky paýy 5 göterim, “Türkmenhowaýollary” gullugyna – esaslyk maýadaky paýy 5 göterim, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugyna – esaslyk maýadaky paýy 10 göterim hem-de Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna – esaslyk maýadaky paýy 5 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.
Şeýle hem ulag ulgamynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, “Türkmendemirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek baradaky teklibe hem seredildi.
MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ
MEDENI-SPORT FESTIWALY
Mejlisiň barşynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Hazarýaka döwletleriniň mekdep okuwçylarynyň medeni-sport festiwalyny geçirmäge taýýarlyk görlüşi, onuň guramaçylyk toparynyň düzümi hem-de degişli Düzgünnamanyň işlenip taýýarlanylyşy barada hasabat berildi. Türkmenistandan, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Eýrandan we Russiýa Federasiýasyndan mekdep okuwçylarynyň toparlary sportuň alty görnüşi – kiçi futbol, woleýbol, basketbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, küşt we guşakly göreş boýunça bäsleşerler. Bäsleşikli çäreler “Awaza” sport toplumynyň binýadynda bolar. Şeýle hem bu sport festiwalynyň çäklerinde zehinli çagalaryň “Awaza – dostluk mekany” atly VI halkara festiwaly geçiriler.
MILLI LIDERIMIZIŇ DAŞARY
ÝURT SAPARLARY
Mejlisiň çäklerinde berlen hasabatlara laýyklykda, şu ýylyň ýakyn aýlarynda geçiriljek halkara çärelere ykjam taýýarlyk görülýär. Şeýle iri çäreleriň hatarynda 12-nji awgustda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçiriljek Hazarýaka ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň V ýokary derejeli duşuşygy bar.
24-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň ýokary derejedäki duşuşygyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda Türkmenistan bu gazna başlyklyk edýär.
28-nji sentýabrda Täjigistanyň Duşenbe şäherinde GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylda ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk eder. Şunuň bilen baglylykda, degişli meýilnamanyň taslamasy taýýarlanyldy. Ol milli Liderimiziň garamagyna hödürlenildi.
29-njy sentýabr – 2-nji oktýabr aralygynda hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň işine gatnaşmagy üçin ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine sapary meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň goldaw bermeginde ýurdumyzyň öňümizdäki ählumumy forumda ileri tutulýan garaýyşlarynyň işlenip taýýarlanylandygy hem-de tassyklanylandygy bellenildi. Şol garaýyşlar diplomatik ýollar arkaly BMG-ä agza ýurtlaryň ählisine ugradyldy hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň öz gatnaşyklaryny beýleki döwletler we halkara guramalar bilen deňlik, özara hormat goýmak hem-de netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guramak bilen, tutuş dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň bähbidine netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezýändigini nygtady.
Bilelikdäki mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini jemläp, ýygnananlara möhüm hem-de jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri, “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen ýylda Berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüşi arzuw etdi.