Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­ta­na tä­ze işe bel­le­nen Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Žan­dos Asa­now we­zi­pe­si­ne gi­riş­di. Dost­luk­ly ýur­duň il­çi­si hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan ka­bul edil­di we il­çi döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ynanç ha­ty­ny gow­şur­dy.
Dip­lo­ma­tyň bel­leý­şi ýa­ly, Türk­me­nis­tan­da öz ýur­du­na we­kil­çi­lik et­mek onuň üçin uly hor­mat­dyr. Ga­za­gys­tan bi­len bi­ziň ýur­du­my­zy ozal­dan gel­ýän dost­luk we ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry bag­la­nyş­dyr­ýar we hä­zir­ki dö­wür­de tä­ze maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­ýar.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da mil­li Li­de­ri­miz hem-de il­çi iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn esas­da, ab­raý­ly se­bi­ta­ra hem-de hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýän döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ýo­ka­ry de­re­jä eýe­di­gi­ni bel­le­di­ler. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, söw­da-yk­dy­sa­dy, ulag-ara­gat­na­şyk, ener­ge­ti­ka pu­dak­la­ryn­da, baş­ga-da bir­nä­çe gel­je­gi uly ugur­lar­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek üçin ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy bel­le­nil­di. Bu ba­bat­da iki­ta­rap­la­ýyn bol­şy ýa­ly, di­ňe bir se­bit möç­be­rin­de däl, eý­sem, tu­tuş Ýew­ra­zi­ýa gi­ňiş­li­gin­de umu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne la­ýyk gel­ýän bi­le­lik­de ama­la aşy­ry­lan iri dü­züm­le­ýin tas­la­ma­la­ry my­sal ge­tir­mek bo­lar.
Eko­lo­gi­ýa ul­ga­my hyz­mat­daş­ly­gyň hä­zir­ki dö­wür üçin esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Türk­me­nis­tan we Ga­za­gys­tan bu ugur­da, hu­su­san-da, ýur­du­my­zyň hä­zir­ki dö­wür­de baş­lyk­lyk ed­ýän Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň çäk­le­rin­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­ýär. Şeý­le hem Ha­zar deň­zi­niň me­se­le­le­ri­ni çöz­mek bo­ýun­ça ta­gal­la­la­ryň ut­gaş­dy­ryl­ma­gy­na äh­mi­ýet be­ril­ýär.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ne­ti­je­li yn­san­per­wer gat­na­şyk­lar iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýar. Türk­men we ga­zak halk­la­ry­nyň ta­ry­hy taý­dan ke­ma­la ge­len umu­my me­de­ni hem-de ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­na esas­la­nyp, bu ugur­da­ky gat­na­şyk­lar ýyl-ýyl­dan tä­ze tej­ri­be we maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­ýar.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Žan­dos Asa­now deň­hu­kuk­ly, bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak we iş­jeň esas­da ýo­la go­ýul­ýan döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň saz­la­şyk­ly ös­dü­ril­me­gi­ne hem­me­ta­rap­la­ýyn ýar­dam be­ril­jek­di­gi­ne ynan­dyr­dy.