2018-nji ýylyň ikinji çärýeginde smartfonlaryň satuwynda öňdeligi “Samsung Electronics” kompaniýasy eýeledi. Bu sanawda ikinji we üçünji orunlar degişlilikde “Huawei” we “Apple” kompaniýalaryna degişli boldy. Dünýäde ykjam telefon bazarynda has köp smartfon satýan “Samsung”-yň ikinji çärýekdäki görkezijisi 73 milliona deň boldy. Ikinji orny Hytaýyň “Huawei” kompaniýasy eýeledi. Onuň görkezijisi 54 million telefona deňdir. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 41 göterim köp. Hytaý kompaniýasy “Huawei P20” smartfonynyň meşhurlyk gazanmagynyň hasabyna şeýle ýokary derejä çykdy. Bu kompaniýanyň harytlary, esasan hem Russiýada, Hindistanda we Gündogar Ýewropada has köp satylýar. Telefon bazarynyň öňdebaryjylaryndan “Apple” kompaniýasynyň hasabat döwründäki görkezijisi 41 milliona deň boldy.