Beýik Britaniýanyň şäher eteklerinde täze guruljak ýaşaýyş jaýlaryna elektrik togy bilen işleýän ulaglar üçin zarýad berýän enjamlary ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu barada “BBC” teleýaýlymy habar berýär. Ýurduň ulag ministri Kris Greýling milli parlamentde eden çykyşynda ýaşaýyş jaýlarynda zarýad enjamlarynyň ýerleşdirilmegine bagyşlanan maksatnama bilen çykyş etdi. Ol bu maksatnamanyň ýurduň hökümetiniň 2050-nji ýyla çenli howa goýberilýän hapa gazlaryň möçberini 80 göterim azaltmak babatdaky strategiýasy esasynda işlenip düzülendigini mälim etdi. Bu maksatnama ýurtda elektromobilleriň has köp ulanylmagyny gazanmagy göz öňünde tutýar. Şeýle hem ulaglaryň eýeleriniň akkumulýatoryna zarýad bermek üçin elýeterli mümkinçilikleri döretmek meýilleşdirilýär.
Diňe ýaşaýyş jaýlaryna däl, eýsem, köçeleriň ugrundaky awtoduralgalarda hem zarýad enjamlaryny oturtmak göz öňünde tutulýar. Ýurduň hökümeti 2040-njy ýyla çenli benzin we dizel ýangyjy bilen işleýän ulaglary ulanmagy gadagan etmegi maksat edinýär. Şu ýylyň birinji ýarymynda Beýik Britaniýada elektromobilleriň satuwy 5,5 göterim ýokarlandy. 2017-nji ýylyň degişli döwründe bu görkeziji 4,3 göterime barabardy. Bu ugurda belli möçberde ösüş gazanylýar.