Hä­zir­ki wagt­da tu­tuş dün­ýä­de ho­wa­nyň ka­da­dan çyk­ma ýag­daý­la­ry­na köp duş gel­nip baş­lan­dy. Şu wagt­ky dö­wür­de ho­wa­nyň aşa gyz­gyn­ly­gy köp ýurt­da öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Şeý­le ýag­daý­la­ryň bi­ri-de Gü­nor­ta Ko­re­ýa­da bol­dy. Ýurt­da ho­wa­nyň gyz­gyn­ly­gy re­kord de­re­jä ýet­di. Honç­hon uez­din­de ho­wa­nyň gyz­gyn­ly­gy 41 de­re­je bol­dy. Şeý­le ýag­daý mun­dan ozal, 1942-nji ýyl­da bo­lup­dy. Ýur­duň paý­tag­ty Se­ul­da ter­mo­met­riň gör­ke­zi­ji­le­ri 39,6 de­re­jä ba­ryp ýet­di. Me­teo­ro­lo­gi­ýa eda­ra­sy­nyň hü­när­men­le­ri­niň bel­le­me­gi­ne gö­rä, ýurt­da aşa gyz­gyn ho­wa­nyň möw­süm­le­ýin ýa­gyş­la­ryň ada­ty wag­tyn­dan öň ta­mam­lan­ma­gy se­bäp­li baş­lan­dy­gy mä­lim edil­di. Ýa­gyş­ly gün­ler 16 gün do­wam et­di, bu gör­ke­zi­ji 1981-nji we 2010-njy ýyl­lar ara­ly­gy­na ga­ra­nyň­da, iki es­se az­dyr.
Şeý­le hem Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da-da ho­wa­nyň aşa gyz­ma­gy özü­niň ýa­ra­maz tä­si­ri­ni gör­kez­ýär. Ýew­ro­pa­nyň iň ys­sy se­bit­le­ri Por­tu­ga­li­ýa­da ho­wa­nyň tem­pe­ra­tu­ra­sy 45 de­re­jä, Is­pa­ni­ýa­da bol­sa, 44 de­re­jä ýet­di. Sa­ha­ra çö­lün­den gel­ýän ys­sy ho­wa Is­pa­ni­ýa­nyň köp bö­le­gin­de ho­wa­nyň gyz­ma­gy­na se­bäp bol­ýar.