ABŞ-nyň yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň dep­gin­le­ri şu ýy­lyň ikin­ji çär­ýe­giniň dowamynda 4,1 gö­te­rim ýo­kar­la­nyp, Do­nald Tram­pyň Pre­zi­dent­lik döw­rün­de ga­za­ny­lan iň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji bol­dy. Bu ba­ra­da ABŞ-nyň “The Hill” ne­şi­ri ha­bar ber­ýär. Ame­ri­ka­n yk­dy­sa­dy­ýe­ti soň­ky sa­par 2014-nji ýy­lyň 3-nji çär­ýe­gin­de ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len 5,2 gö­te­rim ösüp­di. 2018-nji ýy­lyň 1-nji çär­ýe­gin­de yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ösü­şi 2,3 gö­te­rim­den yba­rat bol­dy. ABŞ-nyň yk­dy­sa­dy­ýet­çi­le­ri eger-de içer­ki önü­miň ösü­şi 2018-nji ýyl­da 3 gö­te­rim­den gow­rak ýo­kar­la­nan ha­la­tyn­da, bu gör­ke­zi­ji­niň 2005-nji ýyl­dan bä­ri iň ýo­ka­ry ýyl­lyk ösüş bol­jak­dy­gy­ny aýd­ýar­lar.