Birleşen Milletler Guramasy Owganystanyň hökümetiniň bu kararyny goldap, saýlawlary guramaga ýardam berjekdigini mälim edipdi.
– Saýlawlaryň geçirilmeli anyk wagtynyň aýdyňlaşdyrylmagy möhüm waka bolup durýar. Kabul edilen karar saýlawlar üçin taýýarlyga girişmäge mümkinçilik berýär – diýip, Owganystan boýunça BMG-niň missiýasynyň başlygy Tadamiçi Ýamamota gürrüň berýär. Şeýle hem ol giň gerimli saýlawlaryň geçirilmeginiň Owganystanda syýasy demokratik ýörelgeleriň berkemegine alyp barjakdygyny we owganystanlylaryň ählisiniň bu saýlawlara gatnaşmagynyň möhümdigini belläp geçdi.
Birleşen Milletler Guramasy we ähli halkara jemgyýetçiligi Owganystanda geçirilmeli saýlawlaryň taýýarlyk işlerine ýardam berer. Saýlawçylary bellige almak işlerine zerur bolan 28,4 million dollardan takmynan, 90 göterimi bölünip berler.
Prezident saýlawlarynyň
wagty belli boldy
Owganystanda Prezident saýlawlary 2019-njy ýylyň 20-nji aprelinde geçiriler. Bu barada ýurduň “TOLOnews” teleýaýlymy habar berýär. 2014-nji ýylda Owganystanda geçirilen saýlawlarda Aşraf Gani ýeňiş gazanypdy. Onuň wezipä girişmek dabarasy 2014-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda geçirilipdi.