Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Luis Enrike boldy. 48 ýaşly Enrike 2 ýyllyk şertnama baglaşyp, ol toparda täze üýtgeşmeleriň boljakdygyny habar berdi. Ýeri gelende aýtsak, Ispaniýanyň ozalky tälimçisi Hulien Lopetegi Dünýä çempionatynyň başlanmagyna 1 gün galanda, federasiýadan bihabar “Real Madrid” bilen şertnama baglaşandygy sebäpli wezipesinden boşadylyp, ornuna-da Fernando Hierro bellenilipdi. Çempionatda 2-nji tapgyrda Russiýadan penaltiler esasynda ýeňlişe sezewar bolan Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň ýurda dolanmagyndan soň, Hierro hem wezipesini taşlapdy.