Dünýäniň iň abraýly welosiped bäsleşigi bolan “Tur de Frans” ýaryşynda “Team Sky” toparynyň britan sürüjisi Geraýnt Tomas ýeňiş gazandy. 105-nji gezek geçirilen “Tur de Frans” ýaryşy 21 tapgyrdan ybarat bolup, ol 22 günläp dowam etdi. 32 ýaşly Tomas 3351 kilometrlik aralygy 83 sagat 17 minut 13 sekuntda tamamlap, sary köýnekçäniň eýesi boldy. Bu onuň “Gran Tur” ýaryşlaryndaky ilkinji çempionlygydyr. 11-nji tapgyrdan soň, umumy sanawda 1-nji orna geçen Tomas ýaryşyň ahyryna çenli sary köýnekçäni egninden çykarmady. Ol diňe 2 tapgyrda, 11–12-nji tapgyrlarda ýeňiş gazandy. Tomasdan 1 minut 51 sekuntlyk az netije görkezen “Team Sunweb” toparynyň gollandiýaly türgeni Tom Dumolin 2-nji, ýeňijiden 2 minut 24 sekunt soň pellehanadan geçen soňky 3 ýylyň çempiony, britaniýaly Kris Frum (“Team Sky”) 3-nji ýeri eýeledi. “LottoNL-Jumbo” toparynyň sürüjileri sloweniýaly Primož Rogliç bilen gollandiýaly Stiwen Kruiswiýk 4–5-nji orunlary paýlaşdylar.
Utuk toplamakda “Bora-Hansgrohe” toparyndan slowakiýaly Peter Sagan ýeňiş gazanyp, ýaşyl köýnekçäni eýeledi (477 utuk). Bu ugurda norwegiýaly Aleksander Kristoff 2-nji, fransiýaly Arnaud Demar 3-nji ýere mynasyp boldy. Ýeňijisine menekli gülgüne köýnekçe gowşurylýan dag ýaryşlarynda “Quik-Step Floors” toparyndan fransiýaly Julian Alafilip 170 utuk toplap, hemmeden öňe saýlandy. Ýaş sürüjilerden-de ak köýnekçäni egnine geýen fransiýaly Pier Latua (“AG2R La Mondiale”) 83 sagat 39 minut 26 sekuntlyk görkeziji bilen ýeňiji boldy. Toparlaryň arasynda-da 250 sagat 24 minut 53 sekuntlyk netije görkezen “Movistar Team” 1-nji, “Bahrain-Merida” 2-nji, “Team Sky” 3-nji ýeri eýeledi.