Dünýä Ralli çempionatynda (WRC) möwsümiň 8-nji ýaryşy Finlýandiýa “Gran Prisinde” “Toyota Gazoo” toparynyň estoniýaly sürüjisi Ott Tanak ýeňiş gazandy. Ol 23 tapgyrdan ybarat 317,26 kilometrlik ýaryşy 2 sagat 35 minut 18,1 sekuntda tamamlady. Bu onuň şu möwsümdäki 2-nji, karýerasyndaky 4-nji ýeňşidir. “Citroen Total Abu Dabi” toparynyň norwegiýaly sürüjisi Mads Ostberg ýeňijiden 32,7 sekunt yza galyp, 2-nji ýeri eýeledi. Tanakdan 35,5 sekunt soň pellehana gelen topardaşy Ýari-Matti Latwala 3-nji orna mynasyp boldy.
Dünýä Ralli çempionatynda 8 bäsleşikden soň, “Hyundai Shell Mobis” toparynyň belgiýaly piloty Tierri Noýwill sanawyň başyny çekýär. Onuň 153 utugy bar. Soňky 5 ýylyň çempiony Sebastian Ožieniň 132 utugy bolup, ol 2-nji hatarda barýar. Möwsümiň 10-njy ýaryşy 16–19-njy awgustda Germaniýada geçiriler.