Dün­ýä bel­li ten­nis­çi, ATP sa­na­wyn­da 2-nji bas­gan­çak­da bar­ýan şweý­sa­ri­ýa­ly Ro­jer Fe­de­rer “Ro­jers Mas­ters” (“Ka­na­da Açyk”) ku­bo­gy­na gat­naş­maz. 36 ýa­şyn­da­ky ten­nis­çi özü­niň fi­zi­ki ýag­da­ýy­ny hem-de umumylykda kar­ýe­ra­sy­n göz öňün­de tu­tup, Ka­na­da­nyň To­ron­to şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek möw­sü­miň 6-njy “Mas­ters” ýa­ry­şy­na gat­na­şyp bil­me­ýän­di­gi­ni ha­bar ber­di. 20 “Uly tu­wul­ga” bi­len bu ugur­da re­kor­dyň eýe­si bo­lan Fe­de­rer şu ýy­lyň do­wa­myn­da “Awst­ra­li­ýa Açyk­da”, Rot­ter­dam we Ştut­gart­da­ky bäs­le­şik­ler­de ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. In­di­an Wells we Hal­le­dä­ki ýa­ryş­lar­da-da fi­nal­da utu­lan Fe­de­rer “Wimb­le­don­da” çär­ýek fi­nal­da Ke­win An­der­son­dan as­gyn ge­lip­di. 6-njy aw­gust­da baş­lan­jak “Ro­jers” ku­bo­gy­na Fe­de­rer­den baş­ga öň­dä­ki on­lu­ga gir­ýän äh­li ten­nis­çi gat­na­şar.