Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýolbaşçylygynda ýur­du­my­zyň sport ab­ra­ýy has-da be­len­de gal­ýar. Türk­me­nis­tan iri hem-de hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki sport ýa­ryş­la­ry­ny ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk ýag­da­ýyn­da ge­çir­mä­ge ukyp­ly döw­let­le­riň ha­ta­ry­na ynam­ly go­şul­dy. Mu­ňa ge­çen ýy­lyň güý­zün­de Aş­ga­bat­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi aý­dyň su­but­na­ma­dyr.
Üs­tü­miz­dä­ki “Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” ýy­lyn­da-da iri sport ýa­ryş­la­ry­nyň ge­çi­ril­me­gi üçin ýo­ka­ry taý­ýar­lyk do­wam ed­ýär. Şeý­le ýa­ryş­la­ryň bi­ri mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça şu ýy­lyň sent­ýab­ryn­da ge­çi­ril­ýän “Amul – Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­dir. Ýe­ňil, ýük aw­tou­lag­la­ry we SSV ky­sym­ly kwad­ro­sikl­le­riň gat­naş­dy­ryl­jak bu hal­ka­ra ýa­ry­şy­nyň bü­tin­dün­ýä­de giň­den wa­gyz edil­me­gi üçin köp san­ly çä­re­ler gu­ral­dy we gu­ral­ýar. Ýol­suz ýer­ler­den uzak ara­lyk­lar bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän “Amul – Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň sport ul­ga­myn­da­ky gu­ra­ma­çy­ly­gy “Af­rica Eco Race” aw­to­ral­li ýa­ryş­la­ry to­pa­ry­na yna­nyl­dy.
Paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi­niň “Sport” myh­man­ha­na­sy­nyň mej­lis­ler za­lyn­da “Amul – Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne ba­gyş­la­nyp ge­çi­ri­len me­dia­fo­rum hem şol köp­çü­lik­le­ýin çä­re­le­riň bi­ri­dir. Bu me­dia­fo­ru­ma Rus­si­ýa­dan, Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­dan, Ita­li­ýa­dan, Awst­ri­ýa­dan, Şweý­sa­ri­ýa­dan, Ru­my­ni­ýa­dan, Hy­taý­dan, Hin­dis­tan­dan, Pa­kis­tan­dan, Tür­ki­ýe­den, Be­la­rus­dan, Azer­baý­jan­dan, Ga­za­gys­tan­dan, Öz­be­gis­tan­dan, Tä­ji­gis­tan­dan we Gyr­gy­zys­tan­dan žur­na­list­ler gat­naş­dy­lar.
Me­dia­fo­ru­myň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri­niň we­kil­le­ri bi­len bir ha­tar­da meş­hur “Af­rica Eco Race” aw­to­ral­li ýa­ryş­la­ry­nyň baş di­rek­to­ry we gu­ra­ma­çy­sy Žan-Lui Şles­ser, Ýew­ra­zi­ýa­da Aw­to­mo­bil ulag­la­ry­nyň hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi­niň (IRU) he­mi­şe­lik we­kil­ha­na­sy­nyň ýol­baş­çy­sy D.Çel­sow, Ru­my­ni­ýa­nyň Aw­to­mo­bil spor­ty fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň “Ral­ly Ra­id” ko­mi­te­ti­niň pre­zi­den­ti Mi­ha­il Le­on­te da­gy hal­ka­ra ýa­ry­şy ba­ra­da gat­na­şy­jy­la­ra gy­zyk­ly gür­rüň ber­di­ler.
“Pa­riž-Da­kar” ral­li­si­niň iki ge­zek ýe­ňi­ji­si Žan-Lui Şles­ser: – Uç-gy­rak­syz Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň içi bi­len geç­jek hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň bi­le­lik­dä­ki gu­ra­ma­çy­sy bol­mak me­niň üçin we bi­ziň to­pa­ry­myz üçin uly hor­mat­dyr-di­ýip bel­le­di. Ulag ýa­ryş­la­ry ga­dym­da Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ge­çen ug­ry bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň gün­do­ga­ryn­dan gün­ba­ta­ry­na ta­rap ge­çer. Çö­lüň giň säh­ra­lyk­la­ryn­dan geç­jek ýo­luň umu­my uzyn­ly­gy 1500 ki­lo­metr­den gow­rak­dyr – di­ýip, gür­rüň ber­di.
Žan-Lui Şles­se­riň bel­leý­şi ýa­ly, ýa­ry­şyň ugur­la­ry 5 tap­gy­ra bö­lün­di we tiz­lik­li bö­le­giň her bi­ri ula­gy do­lan­dy­ry­jy hem-de to­pa­ryň ştur­ma­ny üçin köp­san­ly ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­la­ry giz­le­ýär. Bir söz bi­len aý­dy­lan­da, Ga­ra­gum säh­ra­sy tas­la­ma­nyň ýü­re­gi bo­lup, ha­ky­ky baş­dan ge­çir­me­le­ri göz­le­ýän­le­re uly tej­ri­be ba­gyş­lar. Türk­men çö­li Af­ri­ka­nyň çö­li ýa­ly bir­sy­dyr­gyn däl­dir we is­len­dik ada­my haý­ran gal­dy­ryp bil­jek üýt­ge­şik tä­sir­le­ri bol­luk bi­len eçil­ýär, çün­ki bu ada­myň ho­ja­lyk işi­niň tä­si­ri­ni ýe­tir­me­dik “jan­ly” ekoul­ga­my­dyr.
Men “Amul – Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň uly üs­tün­lik bi­len geç­jek­di­gi­ne, oňa gat­na­şy­jy­la­ryň bol­sa si­ziň aja­ýyp ýur­du­ňy­za ýe­ne-de gel­mä­ge is­leg bil­dir­jek­dik­le­ri­ne we şat bol­jak­dyk­la­ry­na ynan­ýa­ryn-di­ýip, Žan-Lui Şles­ser aý­ra­tyn nyg­ta­dy.
Hal­ka­ra me­dia­fo­rum­da edi­len çy­kyş­lar­da şu gü­ne çen­li “Amul – Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne gat­naş­ma­ga da­şa­ry döw­let­le­riň de­giş­li fe­de­ra­si­ýa­la­ry­na we­kil­çi­lik ed­ýän to­par­la­ryň we tür­gen­le­riň on­lar­ça­sy­nyň is­leg bil­dir­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­dy­lar. Me­dia­fo­ru­myň bar­şyn­da žur­na­list­ler üçin “Amul – Ha­zar 2018” ral­li­ni gu­raý­jy­la­ra so­wal ber­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­re­dil­di.
Hu­su­san-da, ru­myn met­bu­ga­ty­nyň we­ki­li je­nap Şles­ser­den ýa­ryş­la­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­jak­dy­gy ba­ra­da gy­zyk­lan­dy. “Bu ral­li ýa­ry­şy spor­tuň muş­da­gy we ta­rap­da­ry, şeý­le hem wi­deo­film­den gör­şü­miz ýa­ly, us­sat sü­rü­ji bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň baş­lan­gy­jy bi­len ge­çi­ril­ýär. Biz bu çä­rä gat­na­şy­jy­la­ryň ha­ta­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti gö­rüp bi­le­ris­mi?!”.
Je­nap Şles­ser jo­gap edip: “Biz Pre­zi­den­tiň gat­naş­ma­gy­na örän be­ge­ner­dik. Onuň gat­naş­jak­dy­gy­na umyt ed­ýä­ris. Şeý­le bol­sa, biz örän şat bo­lar­dyk. El­bet­de, gat­naş­mak ba­ra­da­ky ka­ra­ry Pre­zi­den­tiň özi çö­zer, em­ma biz şeý­le çöz­gü­de örän be­ge­ner­dik”.
Şeý­le hem Rus­si­ýa­nyň “RIA No­wos­ti” hal­ka­ra ha­bar­lar agent­li­gi­niň ha­bar­çy­sy­nyň so­wa­ly­na jo­gap edi­lip, “Amul – Ha­zar 2018” ral­li­si­ne gat­naş­ma­ga Rus­si­ýa­dan bir­nä­çe to­par­la­ryň bel­li­ge al­nan­dy­gy ba­ra­da ha­bar be­ril­di. Ola­ryň ha­ta­ryn­da, my­sal üçin, “G-Force” to­pa­ry bar. Bel­li­ge al­ma­gyň çäk­le­rin­de Rus­si­ýa­dan baş­ga-da bir­nä­çe bäs­deş­le­riň bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.
Şeý­le hem ga­za­gys­tan­ly žur­na­lis­tiň so­wa­ly­na jo­gap edi­lip, bu ýurt­dan hem se­çi­lip al­nan tür­gen­le­riň bar­dy­gy aý­dyl­dy – olar Ga­za­gys­ta­nyň Aw­to­mo­bil spor­ty fe­de­ra­si­ýa­syn­dan 5 to­par­dyr.
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­bar­lar agent­li­gi­niň (TDH) we­ki­li “Amul – Ha­zar 2018” ral­li­si­ne meş­hur aw­to­mo­bil sü­rü­ji­ler­den kim­le­riň gel­jek­di­gi­ni so­ra­dy. Ga­ra­şy­ly­şy ýa­ly, öň­de bol­jak ýa­ryş­lar­da iň gör­nük­li tür­ge­niň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bo­lup bil­jek­di­gi ba­ra­da jo­gap be­ril­di. Biz mu­ny ar­zuw ed­ýä­ris. Bu bol­sa bi­ziň äh­li­miz üçin be­lent mer­te­be­dir. Bü­tin ­dün­ýä­den gat­na­şy­jy­la­ryň ha­ta­ryn­da Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­dan Ýa­zid Al-Ra­ji ýa­ly, Fran­si­ýa­dan, Ang­li­ýa­dan hem beý­le­ki ýurt­lar­dan ab­raý­ly we­kil­ler gat­na­şar. Hä­zir­ki gün­de ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­la­ryň sa­ny tak­my­nan 80-e ba­ra­bar­dyr. Ýa­ry­şa aw­tou­lag­la­ryň 20–25-si çy­kar. Dür­li ýurt­la­ryň to­par­la­ryn­dan gel­ýän ha­ýyş­na­ma­la­ryň sa­ny gün­sa­ýyn kö­pel­ýär-di­ýip, gu­ra­ma­çy­lar sö­zü­ni jem­le­di­ler.
Me­dia­fo­ru­myň do­wa­myn­da oňa gat­na­şy­jy­lar Aş­ga­ba­dyň Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi­ne ge­ze­lenç et­di­ler. Şeý­le hem olar paý­tag­ty­my­zyň gö­zel ýer­le­ri bi­len ta­nyş­dy­lar hem-de Türk­me­nis­ta­nyň IIM-niň aw­tos­port mer­ke­zi­ne ba­ryp gör­dü­ler.

Şu ýyl dö­re­di­le­ni­ne 40 ýyl bo­lan Da­kar ral­li­si çöl­de ge­çi­ril­ýän ýa-da baş­ga­ça aý­dy­lan­da, off-ro­ud ulag ýa­ryş­la­ry­nyň naý­ba­şy­sy ha­sap­lan­ýar. Ýyl­sa­ýyn tu­tuş dün­ýä bo­ýun­ça ab­ra­ýy ýo­kar­lan­ýan çöl ýa­ryş­la­ry ýe­ňil ulag­la­ryň, mo­to­sikl­le­riň, ýük ulag­la­ry­nyň hem-de soň­ky ýyl­lar­da peý­da bo­lan kwad­ro­sikl­le­riň ara­syn­da ge­çi­ril­ýär.
Şo­lar­dan ýük ulag­la­ry bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän­le­ri­niň öz­bo­luş­ly or­ny bo­lup, ola­ra çöl­ler­de, dag­lar­da, ýap­gyt­lar­da… erk et­mek o di­ýen ýe­ňil däl. Umu­man, Da­kar ral­li­sin­de “Ka­maz”, “Iveco”, “Tat­ra” ýa­ly to­par­lar öň­de­li­gi eýe­läp gel­ýär­ler. Ýol­suz ýer­lerde gecirilýän ralli ýa­ryş­la­ryn­da ýük ulag­la­ryn­yň arasyndaky öň­de­ba­ry­jy to­par­lar ba­ra­da gys­ga­ça mag­lu­mat ber­me­gi ma­kul bil­dik.

“KA­MAZ”: Rus­si­ýa­nyň meş­hur bren­di, 1969-njy ýyl­da düý­bi tu­tu­lan “Ka­maz” (Ka­mis­kiý aw­to­mo­bil za­wo­dy) kom­pa­ni­ýa­sy­nyň adyn­dan we­kil­çi­lik ed­ýän “Ka­maz” to­pa­ry ýük ulag­la­ry­nyň ara­syn­da­ky iň ba­şar­nyk­ly to­par ha­sap­lan­ýar. Aý­ra­ty­nam, soň­ky ýyl­lar­da “Ka­maz” to­pa­ry­nyň ýa­ryş­lar­da ga­zan­ýan üs­tün­li­gi me­se-mä­lim du­ýul­ýar. To­par gat­naş­ýan is­len­dik ýa­ry­şyn­da ýük ulag­la­ry­nyň ara­syn­da öň­de­ba­ry­jy­la­ryň ha­ta­ryn­da bo­lup, Da­kar ral­li­sin­de 15, Ýü­pek ýo­ly ral­li­sin­de 7, “Af­ri­ca Eco” ral­li­sin­de-de 4 ge­zek çem­pi­on­lyk ga­zan­dy­lar.
Da­kar ral­li­sin­de ýük ulag­la­ry­nyň ara­syn­da ir­ki ýyl­lar­da baş­ga-baş­ga to­par­lar ýe­ňiş ga­za­nan hem bol­sa, “Ka­maz” to­pa­ry soň­ky ýyl­lar­da öň­de­li­gi özün­de sak­lap gel­ýär. 1990-njy ýyl­la­ryň 2-nji ýa­ry­myn­da Da­kar ral­li­si­ne gat­na­şyp baş­lan “Ka­maz” to­pa­ry 15 ge­zek Da­kar ral­li­sin­de ýe­ňiş ga­zan­dy. “Ka­maz” to­pa­ry Da­kar ral­li­sin­dä­ki il­kin­ji ýeň­şi­ni 1996-njy ýyl­da ga­zan­ýar. Şon­da Gra­na­da–Da­kar ara­ly­gyn­da ge­çi­ri­len bu bäs­le­şik­de Wik­tor Mos­kows­kiý, Ana­to­liý Kuz­min hem-de Na­il Ba­ga­wet­di­no­wyň erk ed­ýän ula­gy hem­me­ler­den öňür­ti pel­le­ha­na ge­lip­di. “Ka­maz” to­pa­ry 2-nji çem­pi­on­ly­gy­na 4 ýyl ga­raş­ma­ly bol­ýar. Wla­di­mir Ça­gi­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky to­par Pa­riž–Da­kar–Ka­ir ýa­ry­şyn­da öňe saý­lan­ýar. 2002–2006-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da “Ka­maz” bas­syr 5 ge­zek Da­kar ral­li­si­niň ýe­ňi­ji­si bol­ýar. 2009-njy ýyl­dan soňra di­ňe 2 ge­zek bi­rin­ji­li­gi baş­ga to­pa­ra al­dy­ran “Ka­maz” soň­ky 10 ýyl­da “Ka­maz 4326-9” ky­sym­ly gör­nü­şi bi­len 8 sa­par Da­kar­da ýe­ňiş ga­zan­ýar. Şol 15 çem­pi­on­ly­gyň 7-si Wla­di­mir Ça­gi­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky to­pa­ra de­giş­li bo­lup, ol “Ka­ma­zyň” iň ba­şar­nyk­ly sü­rü­ji­si ha­sap­la­nyl­ýar. 3çem­pi­on­ly­gam Eduard Ni­ko­la­ýe­wiň ýol­baş­çy­lyk ed­ýän to­pa­ry bi­len ga­za­nyl­ýar.
Il­kin­ji ge­zek 2009-njy ýyl­da Ka­zan–Aş­ga­bat ara­ly­gyn­da ge­çi­ri­len Ýü­pek ýo­ly ral­li­sin­de-de “Ka­maz” to­pa­ry­nyň sü­rü­ji­le­ri­ne taý ta­pyl­ma­ýar. Olar şu ýy­la çen­li ge­çi­ri­len 8 bäs­le­şi­giň 7-sin­de mün­be­riň çür de­pe­si­ne çyk­ma­gy ba­şar­dy­lar. Aý­ra­ty­nam, Fir­da­us Ka­bi­row, Eduard Ni­ko­la­ýew, Aý­rat Mar­de­ýew hem-de soň­ky ýyl­lar­da Dmit­riý Sot­ni­kow da­gy “Ka­maz” to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­ti­ren sü­rü­ji­ler bol­dy.
Da­kar ral­li­si­niň Gü­nor­ta Ame­ri­ka yk­ly­myn­da ge­çi­ri­lip baş­lan­ma­gyn­dan soň, fran­si­ýa­ly meş­hur sü­rü­ji Žan-Lui Şles­se­riň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Af­ri­ka yk­ly­myn­da tä­ze ýa­ryş ýo­la go­ýul­dy. “Af­rica Eco Race” at­ly bu ýa­ryş­da-da “Ka­maz” to­pa­ry­nyň we­kil­le­ri üs­tün­lik­li çy­kyş edip gel­ýär. Olar şu wag­ta çen­li ge­çi­ri­len 10 ýa­ry­şyň 4-sin­de çem­pi­on­lyk ga­za­nyp, bu bäs­le­şik­de-de öň­de­li­gi eýe­le­ýär­ler.

“TAT­RA”: Çöl­de ge­çi­ril­ýän ral­li bäs­le­şik­le­rin­de ýük ulag­la­ry­nyň ara­syn­da “Ka­maz­” toparyndan soň, iň şow­ly çy­kyş ed­ýän 2-nji to­par “Tat­ra” ha­sap­lan­ýar. 1850-nji ýyl­da Çe­hi­ýa­nyň Kopr­şiwn­se şä­he­rin­de dö­re­di­len “Tat­ra” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň (dün­ýä­niň iň ga­dy­my 3-nji aw­tou­lag ön­dü­ri­ji şe­re­ke­ti) to­pa­ry Da­kar ral­li­si bi­len bir ha­tar­da, beý­le­ki ýa­ryş­lar­da-da üs­tün­likli çy­kyş ed­ýär. “Tat­ra” to­pa­ry Da­kar ral­li­sin­de 6, “Af­ri­ca Eco” ral­li­sin­de 3, Ýü­pek ýo­ly ral­li­sin­de-de 1 ge­zek çem­pi­on­ly­ga my­na­syp bol­ýar. To­par Da­kar ral­li­sin­dä­ki il­kin­ji ýeň­şi­ni 1988-nji ýyl­da ga­zan­ýar. 6 ýyl­dan soň, 1994–1995-nji ýyl­lar­da yz­ly-yzy­na 2 sa­par Da­kar ral­li­si­niň ýe­ňi­ji­si bol­ýar. 1998-nji, 1999-njy hem-de 2001-nji ýyl­lar­da­ky çem­pi­on­lyk­la­ram “Tat­ra” to­pa­ry­nyň Da­kar­da­ky soň­ky ýe­ňiş­le­ri hök­mün­de ha­sa­ba alyn­ýar. To­pa­ra Da­kar­da­ky 6 çem­pi­on­ly­gy­ny-da “Tat­ra 815” ky­sym­ly gör­nü­şi bi­len Ka­rel Lop­ra­is ga­zan­dyr­ýar.
“Tat­ra” to­pa­ry 2011-nji ýyl­da-da Ýü­pek ýo­ly ral­li­si­niň çem­pio­ny bol­ýar. Şon­da to­par Ka­rel Lop­rai­siň ýe­ge­ni Aleş Lop­rai­siň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Mosk­wa–So­çi ara­ly­gy­ny hem­me­ler­den öňür­ti ta­mam­la­ma­gy ba­şar­ýar.
“Tat­ra” to­pa­ry­nyň “Af­rica Eco” ral­li­sin­de-de 3 çem­pi­on­ly­gy bo­lup, 2011-nji, 2012-nji hem-de 2014-nji ýyl­lar­da To­maş To­me­se­giň erk ed­ýän ula­gy ýe­ňiş ga­zan­ýar.
“IVECO”: Ita­li­ýa­nyň Tu­rin şä­he­rin­de 1975-nji ýyl­da FI­AT kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ga­ra­ma­gyn­da dö­re­di­len “Iveco” şe­re­ke­ti­niň ady­bir to­pa­ry-da ral­li ýa­ryş­la­ry­na yzy­gi­der­li gat­naş­ýan to­par­la­ryň bi­ri­dir. Hä­zir­ki gü­ne çen­li bu to­pa­ra Da­kar ral­li­sin­de 2 ge­zek çem­pi­on bol­mak mi­ýes­ser ed­ýär. Şe­re­ke­tiň Awst­ra­li­ýa­da­ky za­wod­la­ryn­da ön­dü­ri­len “Iveco Po­werS­tar” ky­sym­ly gör­nüş­le­ri 2012-nji hem-de 2016-njy ýyl­lar­da çem­pi­on­lyk ga­zan­ýar. Iki ge­zek­de-de gol­lan­di­ýa­ly Je­rard de Ro­oý to­pa­ry­na çem­pi­on­lyk ga­zan­dy­ran sü­rü­ji bol­ýar. Je­rard de Rooý “Iveco” to­pa­ry bi­len Da­kar ral­li­sin­de 2012-nji ýyl­da 4-nji, 2014-nji ýyl­da 2-nji, 2017-nji ýyl­da-da 3-nji or­ny eýe­le­ýär.
Ital­ýan to­pa­ry “Af­ri­ca Eco” ýa­ry­şyn­da-da 2 ge­zek çem­pi­on ady­ny eýe­le­ýär. To­par bäs­le­şi­giň il­kin­ji ýy­lyn­da hem-de şu ýyl­ky ge­çi­ri­li­şin­de çem­pi­on­lyk ga­zan­ýar. 2009-njy ýyl­da Žan de Ro­oý, bu ýyl bol­sa Je­rard de Ro­oý to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­tir­ýär.
Ýo­kar­da ady ag­za­lan to­par­lar­dan baş­ga-da Da­kar ral­li­sin­de, “Af­ri­ca Eco” ral­li­sin­de, Ýü­pek ýo­ly ral­li­sin­de bäs­leş­ýän to­par­la­ryň bar­dy­gy­ny bel­lä­liň. Ne­mes­le­riň “MAN TGA” to­pa­ry 2007-nji ýyl­da, ýa­pon­la­ryň “Hi­no” to­pa­ry 1997-nji ýyl­da, gol­land­la­ryň DAF to­pa­ry 1987-nji ýyl­da, ital­ýan­la­ryň “Per­li­ni” to­pa­ry 1990–1993-nji ýyl­lar­da 4 ge­zek Da­kar ral­li­sin­de çem­pi­on­lyk de­re­je­si­ni ga­zan­ýar­lar. Da­kar ral­li­sin­de ýük ulag­la­ry­nyň ara­syn­da il­kin­ji çem­pi­on­ly­gy “Pinz­gauer” eýe­le­se, al­žir kom­pa­ni­ýa­sy “So­nacome” 2-nji ýa­ry­şyň ýe­ňi­ji­si bol­ýar. 1981-nji ýyl­da-da Fran­si­ýa­nyň adyn­dan we­kil­çi­lik eden ALM/ACMAT to­pa­ry ýe­ňiş ga­zan­ýar. Da­kar ral­li­sin­de 1982–1986-njy ýyl­lar­da-da dün­ýä bel­li “Mercedes-Benz” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýük ulag­la­ry öňe saý­lan­ýar. Bu­lar­dan baş­ga-da “Scania” (Şwe­si­ýa), GI­NAF (Gol­lan­di­ýa), MAZ (Be­la­rus), “Re­nault” (Fran­si­ýa), “Li­az” (Çe­hi­ýa) ýa­ly dün­ýä bel­li brend­le­ri­ňem to­par­la­ry hä­li-şin­di ral­li ýa­ryş­la­ry­na gat­na­şyp dur­ýar.