2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň ajaýyp kenarynda Hazar deňziniň güni bellenip geçiler. Baýramçylyk çäresi hormatly Prezidentimiziň ýakynda gol çeken Kararyna laýyklykda guralar. Şol gün Gazagystanyň Aktau şäherinde Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň sammiti geçiriler.
«Hazaryň güni» Hazar deňziniň gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň güýje girip başlan döwründen bäri Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Eýranyň gepleşikler we bilelikdäki dabaralar geçirilýän halkara meýdançasy derejesine eýe boldy. Her ýyl geçirilýän çäre jemgyýetçiligiň arasynda Türkmenistanyň uzak möhletli, geljege gönükdirilen tebigaty goramak syýasatyny giňden wagyz etmäge, ekologiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga we giňeltmäge, ählumumy durnukly ösüş üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasatyny halkara jemgyýetçiligine giňden ýaýmak hem-de Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça ekologiýa howpsuzlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara gatnaşyklaryny berkitmek we giňeltmek maksady bilen, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň gününi dabaraly bellemek göz öňünde tutuldy. Baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde ylmy-amaly maslahaty, sport we medeni çäreleri, şeýle hem çagalaryň arasynda Hazar deňziniň gözel tebigatyna bagyşlanan surat çekmek we amaly-haşam işlerini taýýarlamak boýunça bäsleşikleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistan garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden bäri, Hazar ekologiýa maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar, BMG-niň Hazar deňziniň gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly (Tähran) konwensiýasyny tassyklady, sebit ähmiýetli resminamalaryň ençemesine goşuldy.
Häzirki döwürde Hazar deňziniň biologik serişdelerini gorap saklamak, öndürmek we peýdalanmak boýunça, şeýle-de Hazaryň düýbüniň hem-de onuň jümmüşindäki uglewodorod serişdelerini işlemek we peýdalanmak boýunça hem hyzmatdaşlyk işleri giň gerimde ýaýbaňlanýar. Hazar deňziniň ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine berilýän möhüm ähmiýet, ilkinji nobatda, Hazaryň aýratyn derejesi bilen şertlenendir. Bu deňiz tebigatyň örän baý hem-de köpdürli ösümlik we haýwanat dünýäsi bolan, hakyky merjeni bolan dünýä ummanyndan aýratynlykdaky Ýer ýüzüniň iň iri içerki deňzidir. Şonuň bilen birlikde, häzir Hazar sebiti Ýewraziýa giňişliginde möhüm geosyýasy we ykdysady merkezleriň biri bolup, kuwwatly energetika, ulag we aragatnaşyk halkasydyr.
Bu günki gün dünýä syýahatçylyk ulgamynda mynasyp orna eýe bolan Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy bütin dünýäniň syýahatçylarydyr jahankeşdeleriniň iň gelim-gidimli ýeri hökmünde tanalýar. Ol ýerdäki dünýä ülňülerine kybap gelýän myhmanhanalar toplumy, sagaldyş we dynç alyş merkezleri, ýaht-klub, okuw merkezleri, sport meýdançalary, suwa düşülýän üsti açyk we ýapyk serhowuzlar, emeli tolkunly howuzlar, köl we beýleki desgalar adamlaryň döwrebap dynç almagyna ýardam edýär.