Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­lal­la­ry ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň baş şä­he­ri Aş­ga­bat gün-günden gözel­leşýär, özüniň mil­li bi­na­gärlik äheňin­däki häzir­ki za­man yma­rat­la­ry bi­len dün­ýä­ni haý­ra­na goý­ýar. Deňi-taýy bol­ma­dyk bi­na­lar­dyr yma­rat­la­ryň, köp san­ly mu­zeýle­riň, ser­gi köşkle­ri­niň we teatr­la­ryň ut­gaşyk­ly saz­laşygy paýtag­ty­my­zyň myh­man­la­ry­nyň ünsüni özüne çekýär. Dünýä ülňülerine laýyk hyz­mat­la­ry hödürleýän bäş ýyl­dyz­ly myh­man­ha­na­lar paýtag­ty­my­za ge­len­le­ri mähir bi­len garşy alýar.
Ak mer­mer­li paý­tag­ty­myz Aş­ga­ba­dyň ila­ty 1 mil­lio­ndan geç­di. Bu ba­ra­da şu hep­dä­niň du­şen­be gü­ni hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ge­çi­ri­len wi­deo­şe­kil­li iş mas­la­ha­tyn­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­ki­mi Ş.Dur­dy­ly­ýew ta­ra­pyn­dan ha­sa­bat be­ril­di. Şä­he­riň hä­ki­mi Aş­ga­ba­dyň do­lan­dy­ryş çäk­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak ha­kyn­da­ky tek­li­bi mil­li Li­de­ri­mi­ziň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­le­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Aş­ga­ba­dyň do­lan­dy­ryş çäk­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­me­giň şä­he­riň ila­ty­nyň sa­ny­nyň art­ma­gy hem-de adam­lar üçin amat­ly dur­muş şert­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi bi­len berk bag­la­nyşyk­ly­dy­gy­ny aý­dyp, bu ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy ma­kul­la­dy. Mil­li Li­de­ri­miz şu me­se­lä­niň örän wa­jyp­dy­gy­ny bel­läp, tek­li­bi Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň ga­ra­ma­gy­na ibe­rip, paý­tag­ty­myz­da tä­ze et­ra­byň dö­re­dil­me­gi­niň mak­sa­da la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny bel­läp, bu ba­bat­da de­giş­li iş­le­ri alyp bar­mak ba­ra­da hä­ki­me anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.
Aş­ga­bat şä­he­ri Lon­don, Mosk­wa we Pa­riž ýa­ly ýur­du­my­zyň iň iri şä­he­ri, döw­le­ti­mi­ziň sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, yl­my-me­de­ni mer­ke­zi ha­sap­lan­ýar. Aş­ga­bat dün­ýä­niň iň çalt dep­gin­ler­de ös­ýän ýaş şä­her­le­ri­niň bi­ri­dir. Döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan şä­he­riň hem­me­ta­rap­la­ýyn ösü­şi üçin um­ma­syz muk­dar­da ma­ýa go­ýum gö­nük­di­ril­ýär. Ýa­şa­ýyş jaý­la­ry, jem­gy­ýet­çi­lik ula­gy, söw­da, hyz­mat, azyk, suw, elekt­rik to­gy we te­bi­gy gaz üp­jün­çi­li­gi, luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry we beý­le­ki hyz­mat­lar hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne ýe­ti­ril­di. Şeý­le­lik­de, Aş­ga­bat hä­zir­ki za­man ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, ýa­şa­mak üçin iň amat­ly şä­her­le­riň bi­ri­ne öw­rül­di.
Aşga­bat şähe­ri bi­na­gärlik ba­bat­da re­kord­la­ryň bir­näçesi­ne eýedir. Ola­ryň ara­syn­da ýur­duň Baş mu­zeýiniň öňündäki meýdançada otur­dy­lan beýik­li­gi 133 metr bo­lan, de­pe­sin­de mil­li baýda­gy­myz pa­syr­dap du­ran baý­dak sü­tü­ni: Aş­ga­ba­dyň hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne so­wul­ýan çat­ryk­da­ky ägirt uly suw çüw­dü­rim­li top­lu­my; Oguz ha­nyň ýyl­dy­zy şeki­lin­däki “Türkme­nis­tan” te­le­ra­dioýaýlym­lar mer­ke­zi­niň be­lent bi­na­sy; “Älem” me­de­ni-dynç alyş mer­ke­zi­niň te­ge­lek şekil­li syn ediş meýdançaly bi­na­sy bar. 2013-nji ýyl­da bol­sa, ýur­du­my­za bu neşiriň ýene bir ser­ti­fi­ka­ty be­ril­di – bu ge­zek Aşga­bat şähe­ri ak mer­me­re örtülen jaýla­ryň iň köp san­ly­sy­nyň bir ýer­de jem­le­nen me­ka­ny diýlip, yk­rar edil­di. Paýtag­ty­myz özüniň beýle­ki bi­na­gärlik yma­rat­la­ry üçin hal­ka­ra baýrak­la­ry­nyň ýene-de bir­näçesi­niň eýesi­dir.
Bil­şi­miz ýa­ly, 2014-nji ýyl­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len 25-nji maý – Aş­ga­bat şä­he­ri­niň gü­ni hökmün­de yg­lan edil­di. Aş­ga­bat – sag­dyn­ly­gyň, ru­hu­be­lent­li­giň we spor­tuň şä­he­ri. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni gys­ga döw­rüň için­de paý­tag­ty­myz­da eme­le ge­len Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi, dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne ky­bap gel­ýän sa­gal­dyş we sport mer­kez­le­ri do­ly tas­syk­la­ýar.
Ýur­du­myz­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan düýp­li öz­gert­me­le­riň öň ha­ta­ryn­da bol­mak bi­len, Aş­ga­ba­dyň keş­bi gö­zü­mi­ziň alnyn­da öz­ger­ýär we giň möç­ber­li gur­lu­şyk­la­ry bi­len haý­ran gal­dyr­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň çöz­gü­di­ne la­ýyklyk­da, ýo­ka­ry amat­lyk­la­ry bo­lan we otag­la­ry­nyň ýer­leş­di­ri­li­şi go­wu­lan­dy­ry­lan be­lent ýa­şa­ýyş jaý­la­ry bi­len bir hatar­da, kot­tej gör­nüş­li jaý­lar hem gu­rul­ýar. Ge­çen ýyl Aş­ga­ba­dy ös­dür­me­giň no­bat­da­ky 15-nji tap­gy­ry­nyň çäk­le­rin­de gur­lan dur­muş me­de­ni mak­sat­ly bi­na­lar ulan­ma­ga be­ril­di. Hä­zir­ki wagt­da paý­tag­ty­my­zy ös­dür­me­giň 16-njy tap­gy­ry­nyň gur­lu­şyk­la­ry giň ge­rim­de al­nyp ba­ryl­ýar.
Aş­ga­batda ýaý­baň­lan­dy­ry­lan gur­lu­şyk tas­la­ma­la­ryň ha­ta­ry­na ýe­ne-de bi­ri go­şul­dy. Mil­li Li­de­ri­miz Aş­ga­bat şä­he­ri­niň bi­na­gär­lik-şä­her­gur­lu­şyk keş­bi­ni has-da gö­zel­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, de­giş­li Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň A.Ny­ýa­zow şa­ýo­ly bi­len Ho­ja Ah­met Ýa­sa­wy kö­çe­si­niň de­mir­ga­zyk-gün­do­gar ta­ra­pyn­da “Ga­ra­gum” kö­pu­gur­ly işe­wür­lik mer­kez­li myh­man­ha­na­ny gur­mak göz öňün­de tu­tul­dy. Bu bi­na­gär­lik ähe­ňi bo­ýun­ça ta­pa­wut­ly bo­lan yma­rat hem paý­tag­ty­my­zyň gö­zel­li­gine görk go­şar.