Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň elekt­ro­ni­ka en­jam­la­ry­ny ön­dür­mek­de öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ryn­dan “Sam­sung” 3 ýy­lyň do­wa­myn­da yl­my-bar­lag iş­läp düz­me­ler üçin 180 tril­li­on ko­reý wo­ny (160 mil­liard dol­lar) möç­be­rin­de se­riş­de gö­nük­di­rer. Bu ba­ra­da kom­pa­ni­ýa­nyň ýaý­ra­dan be­ýa­na­tyn­da mä­lim edil­ýär. Be­ýa­nat­da­ky mag­lu­mat­la­ra gö­rä, gö­nük­di­ril­jek ma­li­ýe se­riş­de­le­ri Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne hem uly gol­daw bo­lar. 130 tril­li­on won ýa-da ýo­kar­da ag­za­lan pul möç­be­ri­niň 70 gö­te­ri­mi kom­pa­ni­ýa­nyň ýer­li ba­zar­da­ky amal­la­ry­na gö­nük­di­ri­ler. “Sam­sung”-yň çak­la­ma­la­ry­na gö­rä, bu ma­ýa go­ýum­lar ýurt­da 700 müň iş or­nu­nyň dö­re­dil­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­ýär. Kom­pa­ni­ýa 3 ýy­lyň do­wa­myn­da iş­gär sa­ny­ny 25 müň­den 40 mü­ňe ýe­tir­me­gi göz öňün­de tut­ýar.
Ma­ýa go­ýu­myň 22 mil­liard dol­lar­lyk bö­le­gi gel­je­giň esa­sy pu­dak­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­ýän eme­li aň uky­by, 5G ul­ga­my we bio­teh­no­lo­gi­ýa, aw­to­mo­bil elekt­ro­ni­ka­sy ýa­ly ugur­la­ra gö­nük­di­ri­ler. Mu­nuň çäk­le­rin­de kom­pa­ni­ýa Gü­nor­ta Ko­re­ýa­da dö­ret­jek mer­ke­zin­de 1000-e go­laý eme­li aň­la­ýyş uky­by bo­ýun­ça bar­lag­çy­la­ry işe ka­bul eder. Gel­jek­de kom­pa­ni­ýa sü­rü­ji­siz ulag­lar­da we ro­bot önüm­çi­li­gin­de giň­den ula­nyl­jak 5G ara­gat­na­şyk to­ru­na ma­ýa goý­ma­gy mak­sat edin­ýär. Eme­li aň uky­by we 5G kom­pa­ni­ýa­nyň gel­jek­dä­ki teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň esa­sy­ny dü­zer.
“Sam­sung” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ma­ýa go­ýum mak­sat­na­ma­sy Azi­ýa­nyň 4-nji uly yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne eýe bo­lan Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň yk­dy­sa­dy ösü­şi üçin esa­sy he­re­ket­len­di­ri­ji güýç bo­lar.