Pakistan Yslam Respublikasy 5 ýylyň dowamynda 10 milliard agaç ekip, ýurduň tokaý zolaklaryny täzeden dikeltmegi maksat edinýär. Ýurduň hökümeti bu taslamanyň durmuşa ornaşdyrylmagy üçin tagalla edýär. 5 ýylyň dowamynda millionlarça agaç ekilip, ählumumy maýylganlyga garşy göreş alyp barmak ýurduň täze hökümetiniň esasy wezipeleriň biri hökmünde görkezildi. Has köp kislorod bölüp çykarmaga mümkinçilik berýän we adamlaryň arassa howadan dem almagyna şert döretjek bu taslama şol birwagtda Pakistanyň eroziýa garşy göreşmäge hem mümkinçilik berer. Şeýlelikde, ýurduň demirgazygyndaky daglyk sebitlerde ereýän buzluklar sebäpli emele gelýän siliň garşysyna durmak başardar.
Golaýda Pakistanda geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazanan ozalky kriketçi Imran Han tebigy betbagtçylyklaryň ýaramaz täsirlerinden goranmak maksady bilen şeýle çäreleri durmuşa geçirýändiklerini mälim etdi. Onuň partiýasynyň hasabatyna görä, tebigy betbagtçylyklar her ýyl ýurduň ykdysadyýetine 6-14 milliard dollar aralygynda zyýan berýändigi mälim edildi.
Imran Hanyň maksatnamasy 2014-2017-nji ýyllary öz içine alan “Bir milliard agaç” taslamasynyň dowamy bolup durýar. Şol ýyllarda 865 müň gektar meýdana agaç nahallary oturdylypdy. Şeýle hem Pakistan 24 sagadyň dowamynda iň köp agaç nahaly oturdylan ýurt hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna giripdi. 2013-nji ýylda Sind tokaý müdirliginden 300 meýletinçi bir günde 847 müň 275 agaç oturdyp, rekord goýupdy.
Ýurduň täze ýolbaşçysy Imran Hanyň bu maksatnamasyna döwletiň jemgyýetçilik guramalary hem goldaw berdi.