Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ýaryşynda çärýek finalyň 1-nji duşuşyklary oýnaldy. 3 oýun deňlikde gutaran bolsa, 1 duşuşykda ýer eýeleri uly hasaply ýeňiş gazandy. “Altyn asyr” topary deslapky tapgyryň ýeňijisi “Balkany” 5–0 hasabynda ýeňip, ýarym finala çykmak ugrunda uly mümkinçilige eýe boldy. 1-nji ýarymda 4 gol geçiren aragatnaşykçylaryň pökgülerini Mekan Saparow (14, 29), Wahyt Orazsähedow (17 p, 45) hem-de Mihail Titow (76) derwezä girizdi. “Aşgabat” bilen “Ahalyň” arasyndaky duşuşyk 2–2 deňlikde tamamlandy. Ýer eýeleriniň adyndan Azady Annadurdyýew (11) bilen Boris Iwanow (61), myhmanlardan Guwanç Abylow (6) bilen Didar Durdyýew (85) tapawutlandy. 1–1 hasabynda deňlikde gutaran “Şagadam” bilen “Köpetdagyň” arasyndaky oýunda ilkinji bolup, paýtagtlylar hasaby açdy. Pirmyrat Gazakowyň 4-nji minutdaky goluna kenarýaka şäheriniň futbolçylaryndan Hydyr Ýakubow 15-nji minutda jogap berdi. Şeýle hasap bilen tamamlanan Mary welaýat derbisinde-de gollaryň ikisi-de 1-nji ýarymda tora girizildi. 22-nji minutda “Merwden” Begenç Alamow, 39-njy minutda bolsa “Energetikden” Alibek Abydrahmanow tapawutlandy. Çärýek finalyň jogap oýunlary 14-nji awgustda oýnalar.