Bir aý gowrak arakesmeden soň, Türkmenistanyň Milli futbol çempionatynyň 3-nji aýlawyna badalga berildi. Açylyş duşuşygynda sanawyň lideri “Ahal” bilen “Merw” özara güýç synanyşdy. Oýunda hasap açylmady. Soňky çempion “Altyn asyr” paýtagtyň “Köpetdagyny” kabul etdi. Ýer eýeleriniň doly artykmaçlygynda geçen oýun 3–0 hasabynda aragatnaşykçylaryň peýdasyna tamamlandy. Gollary Mihail Titow (12) bilen Wahyt Orazsähedow (25, 76) derwezä girizdi. Edil şonuň ýaly netije “Balkan” bilen “Aşgabat” toparlarynyň arasyndaky oýunda-da hasaba alyndy. 8-nji basgançakda barýan “Balkan” öz meýdançasynda “Aşgabat” toparyndan Akmämmet Metdäýewiň (29, 81) hem-de Şamämmet Hydyrowyň (73) gollary bilen 3–0 üstün çykdy. “Şagadam” bilen “Energetik” toparlarynyň arasyndaky oýundan gol sesi eşidilmedi.