Ang­li­ýa­nyň Su­per Ku­bo­gy bo­lan “Com­mu­ni­ty Shield” du­şu­şy­gyn­da li­ga­nyň soň­ky çem­pio­ny “Man­çes­ter Si­ti” ýe­ňiş ga­zan­dy. Şä­her­li­ler Lon­don­da­ky “Wemb­li” sta­dio­nyn­da oý­na­lan du­şu­şyk­da FA Ku­bo­gy­nyň eýe­si “Çel­si­den” Ser­jio Ague­ro­nyň 13-nji we 58-nji mi­nut­lar­da­ky gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. “Man­çes­ter Si­ti” 1937-nji, 1968-nji, 1972-nji we 2012-nji ýyl­lar­dan soň, bu ku­bo­gy 5-nji ge­zek as­ma­na gö­ter­di.

Fran­si­ýa­nyň Su­per Ku­bo­gy­na — “Trop­hee des Cham­pions” ku­bo­gy­na PSŽ my­na­syp bol­dy. Pa­riž­li­ler Hy­ta­ýyň Şenç­zen şä­he­rin­de oý­na­lan fi­nal­da “Mo­na­ko” to­pa­ry­ny 4–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di­. Gol­la­ry An­hel Di Ma­ri­ýa (32, 90+2), Kris­to­fer Nkun­ku (39) hem-de Ti­mo­ti Wea (67) der­we­zä ýol­la­dy. Bu PSŽ-niň bas­syr 6-njy, umu­my­lyk­da-da 8-nji Su­per ku­bo­gy bo­lup, “Lio­nyň” re­kor­dy­ny gaý­ta­la­dy. Ga­ly­ber­se-de, PSŽ 2018-nji ýyl­da Fran­si­ýa­da alyp bo­laý­jak 4 ku­bo­gy-da eýe­le­di.

Tür­ki­ýä­niň Su­per Ku­bo­gy­na ýur­duň Ku­bo­gy­nyň eýe­si “Ak­hi­sars­por” to­pa­ry my­na­syp bol­dy. Olar fi­nal­da “Sü­per Li­giň” çem­pio­ny “Ga­la­ta­sa­raý­dan” pe­nal­ti­ler­den soň üs­tün çyk­ma­gy ba­şar­dy. Esa­sy wag­ty deň­lik­de (1–1, Der­di­ýok 79 – Se­lezn­ýow 5) gu­ta­ran oýun­da “Ak­hi­sars­por” pe­nal­ti­ler­de 5–4 üs­tün­lik ga­za­nyp, il­kin­ji ge­zek bu ku­bo­gy eýe­le­di.

Gol­lan­di­ýa­nyň Su­per Ku­bo­gy ug­run­da­ky oýun­da “Fe­ýe­noord” li­ga­nyň çem­pio­ny PSW-den üs­tün çyk­dy. Oý­nuň esa­sy wag­tyn­da ha­sap açyl­ma­dy. Pe­nal­ti­ler­de 6–5 öňe saý­la­nan “Fe­ýe­noord” bas­syr 2-nji, umu­my­lyk­da 4-nji ge­zek Super Kubogy eýe­le­di (1991, 1999, 2017, 2018).

“Aweş” to­pa­ryn­y 3–1 (Bra­hi­mi 25, M. Pe­rei­ra 67, Ko­ro­na 84 — K. Fal­kao 14) ha­sa­byn­da ýe­ňen “Por­to” kluby Por­tu­ga­li­ýa­nyň Su­per Ku­bo­gy­ny 21-nji ge­zek gazandy.