Bu sapar hem-de onuň çäklerinde geçirilen ýokary derejedäki türkmen-rus duşuşygy iki ýurduň däp bolan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygynyň hem-de mundan beýläk-de ählumumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmalarynyň subutnamasyna öwrüldi. Özara gatnaşyklaryň köpýyllyk tejribesine daýanyp, Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüşiň ählumumy maksatlaryna ýetmek ugrunda strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň parahatçylyk döredijilikli binýatlaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara peýdaly gatnaşyklaryň ösdürilmegine taýýardyklaryny tassyklaýarlar.
Russiýanyň Baştutany belent mertebeli myhmany mähirli garşylap, türkmen kärdeşine Soçä gelip görmek üçin iberilen çakylygy kabul edendigi, türkmen-rus gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüşi, şol sanda ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky, ynsanperwer gatnaşyklaryň ýagdaýy, halkara giňişliginde hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça resmi däl ýagdaýda duşuşyk geçirýändigi üçin sagbolsun aýtdy.
Prezident Wladimir Putine mähirli kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň birek-birege hormat goýmak esasyndaky döwletara gatnaşyklaryny ýola goýýan strategik hyzmatdaşlar bolup durýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň kesgitlenen meýilnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki Hökümetara toparynyň işiniň netijeli häsiýete eýedigini nygtady.
Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz özüniň russiýaly kärdeşini futbol boýunça – 2018 dünýä çempionatynyň guramaçylykly geçendigi we onuň ýokary derejä eýe bolmagy bilen gutlady.
Russiýa Federasiýasynyň Baştutanynyň durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmeginiň bähbidine halkara giňişliginde ägirt uly işleri bitirýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Wladimir Putine iki ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň berkidilmegine goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi we oňa jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikler, Russiýanyň halkyna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.
Soňra iki ýurduň Liderleri resmi däl ýagdaýda ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary we geljek üçin meýilnamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerinde onuň möhüm ugurlaryndaky döwletara gatnaşyklarynyň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ägirt uly kadalaşdyryjy hukuk binýady Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň uzak möhletleýin gatnaşyklara ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Geçen ýyl Wladimir Putiniň ýurdumyza bolan resmi saparynyň çäklerinde Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyň jemleri boýunça gol çekilen we ähli ugurlar boýunça özara peýdaly gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen resminamalaryň giň toplumy onuň üstüni ýetirdi.
2017–2019-njy ýyllar üçin niýetlenen degişli Hökümetara maksatnamasy ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Özboluşly “ýol kartasyna” öwrülen üç ýyllyk döwür bu ulgamdaky türkmen-rus gatnaşyklarynyň ähli ugurlaryny, şol sanda söwda, senagat, energetika, oba hojalygy, ulag, ýokary tehnologiýalar, hyzmatlar ulgamy we beýleki pudaklary öz içine alýar.
Munuň özi amatly maýa goýum ýagdaýyny hasaba almak bilen, daşary ýurtlaryň, şol sanda Russiýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazaryna bolan isleglerini şertlendirýär. Russiýa Federasiýasynyň birnäçe belli kompaniýalary ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda netijeli iş alyp barýarlar.
Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hasaplanýan ulag pudagy häzirki şertlerde dünýä ykdysadyýetiniň binýatlyk ugurlarynyň biri bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, özüniň geografiki we geosyýasy taýdan amatly ýerleşmeginden ugur alyp, Türkmenistan sebit hem-de yklym ähmiýetli multimodal ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça giň möçberli taslamalary öňe sürýär we olary yzygiderli durmuşa geçirýär. Türkmenbaşydaky täze Halkara deňiz portunyň ulanmaga berilmegi bu ugurdaky wajyp ädime öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň Hazar deňzindäki port düzümlerini, şol sanda Türkmenbaşy we Astrahan şäherleriniň arasyndaky gämi gatnawlaryny netijeli ösdürmek geljegi uly ugur hasaplanylýar.
Dünýäniň energetika ýurdy hasaplanýan hem-de ägirt uly uglewodorod serişdelerine eýe bolan iki döwlet üçin hem energetika pudagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Duşuşygyň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Wladimir Putin döwletara gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolan ynsanperwer ulgamyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine, netijeli bilim, ylym we medeni hyzmatdaşlygyň berkidilmegine ynam bildirdiler.
Taraplar türkmen-rus gatnaşyklarynyň derejesine we onuň mazmunyna ýokary baha berip, sebitleýin we ählumumy gün tertibiniň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Olar ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň we Russiýanyň BMG-niň hem-de beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmek maksady bilen, netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny bellediler. Şunuň ýaly ýakyn gatnaşyklar iki ýurduň halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýär, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine uly goşant bolup durýar.
Döwlet Baştutanlary geçirilen netijeli gepleşikleriň jemini jemläp, duşuşygyň we gazanylan ylalaşyklaryň gadymy dostluk däplerine, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak hem-de möhüm hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanýan türkmen-rus gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler. Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Baştutanlary hoşlaşanlarynda birek-birege we iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.
Hormatly Prezidentimiz iş saparyny tamamlap, Soçi şäheriniň Halkara howa menziline geldi. Milli Liderimiziň uçary bu ýerden Watanymyza tarap ugur aldy. Bir ýarym sagatdan soň hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.
* * *
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Soçi şäherine ugramazdan ozal, türkmen paýtagtynyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirdi. Hökümet agzalary öňde boljak möhüm wakalara we baýramçylyklara, täze okuw ýylynyň başlanmagyna hem-de meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamasy babatynda öz gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy barada habar berdiler.
Halk hojalyk toplumynyň mümkinçilikleriniň kuwwatyny ýokarlandyrmakda nebiti gaýtadan işleýän himiýa, dokma, azyk senagaty, gurluşyk, saglygy goraýyş we bilim ýaly ulgamlar möhüm orny eýeleýärler. Senagat önümçiliginiň ýaýbaňlandyrylmagy, oba hojalygyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurdumyzyň umumy ösüşine güýçli depgin berýär. Şoňa görä-de, bu ugurlarda ösüşiň depginlerini peseltmezden täze belent netijeleri gazanmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.