Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, türk­men spor­ty ýo­ka­ry be­lent­lik­le­re çy­ka­ryl­dy. Iri sport ýa­ryş­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän me­ka­ny­na öw­rü­len Di­ýa­ry­my­zyň tür­gen­le­ri­niň dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­dä­ki hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­na gat­naş­ma­gy­na giň müm­kin­çi­lik­ler açyl­dy. Ge­çen ýyl paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ryn­da us­sat­lyk gör­ke­zip, köp san­ly baý­rak­ly orun­la­ry eýe­län tür­gen­le­ri­miz şu gün­ler In­do­ne­zi­ýa­nyň Ja­kar­ta şä­he­rin­de ba­dal­ga alan XVIII to­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ryn­da Wa­ta­ny­my­za we­kil­çi­lik ed­ýär­ler.
Yk­ly­myň iri sport ýa­ry­şyn­da çy­kyş et­jek ýur­du­my­zyň ýy­gyn­dy to­pa­ry üçin Mil­li sport we sy­ýa­hat­çy­lyk ins­ti­tu­ty­nyň mas­la­hat­lar za­lyn­da ug­rat­mak da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Da­ba­ra­da Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistr­li­gi­niň, Mil­li sport we sy­ýa­hat­çy­lyk ins­ti­tu­ty­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň, Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň ýol­baş­çy­la­ry, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar tür­gen­le­ri­mi­ze ak ýol ar­zuw edip çy­kyş et­di­ler. Oýun­lar­da Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti ýü­ze ýa­kyn gat­na­şy­jy­lar­dan – tür­gen­ler­den, tä­lim­çi­ler­den, luk­man­lar­dan hem-de beý­le­ki­ler­den yba­rat bo­lar. Bi­ziň ýur­du­myz bu ýa­ryş­la­ryň emin­ler to­pa­ry­na hem we­kil­çi­lik eder.
18-nji aw­gust­dan 2-nji sent­ýabr ara­ly­gyn­da In­do­ne­zi­ýa­nyň paý­tag­ty Ja­kar­ta şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek XVIII to­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ry­na gat­naş­ýan Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry spor­tuň 11 gör­nü­ş­de – sam­bo, agyr at­le­ti­ka, boks, jiu-jit­su, dzýu­do, grek-rim gö­re­şi, er­kin gö­reş, ku­raş, suw­da ýüz­mek, 3×3 bas­ket­bol we ýe­ňil at­le­ti­ka bo­ýun­ça çy­kyş eder.
Da­ba­ra­da çy­kyş eden tür­gen­le­ri­miz ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek üçin ir­gin­siz ala­da ed­ýän mil­li Li­de­ri­mi­ze ho­şal­lyk söz­le­ri­ni aý­dyp, Azi­ýa oýun­la­ryn­da iň oňat ne­ti­je­le­ri ga­zan­mak üçin äh­li ta­gal­la­la­ry et­jek­dik­le­ri­ne ynan­dyr­dy­lar. Türk­men dzýu­do­çy­la­ry­nyň, sam­bo­çy­la­ry­nyň, ştan­ga­çy­la­ry­nyň iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryn­da ýa­kyn­da ga­za­nan ýe­ňiş­le­ri Ja­kar­ta­da hem üs­tün­lik­li çy­kyş et­jek­dik­le­ri­ne umyt dö­red­ýär.
In­do­ne­zi­ýa­nyň şä­her­le­ri­niň iki­sin­de: Ja­kar­ta­da we Pa­lem­ban­g­da ge­çi­ril­jek XVIII to­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ry şu gün ba­dal­ga al­dy. Spor­tuň 58 gör­nü­şin­de müň­ler­çe tür­gen­ler – Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ýy­gyn­dy­la­ry­nyň kyrk­dan gow­ra­gy­nyň we­kil­le­ri, şol san­da Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry güýç sy­na­ny­şar­lar.