Päk niýetliligiň, sahawatlylygyň, agzybirligiň we jebisligiň nuruny dünýä dolduryp, Gurban baýramy ýetip geldi. Gurban baýramynda adamlar dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary, goňşy-golamlary bilen bir saçaga jemlenip agzybirligiň, jebisligiň asyl nusgasyny görkezýärler. Bu baýramçylyk adamlary ruhy taýdan päkize, sabyr-takatly, kiçigöwünli, geçirimli, sahy bolmaga çagyrýan baýramlaryň biri bolup durýar.
Ata-babalarymyz bu baýramçylygy ähli döwürlerde hem uly şatlyk bilen, milli aýratynlyklarymyza we däplerimize laýyklykda giňden belläpdirler. Gadymdan gelýän däbe laýyklykda, Gurban baýramynyň birinji güni Baýram namazy okalýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda mukaddes Gurban baýramy ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýär. Milli Liderimiziň Gurban baýramyny bellemek hakyndaky Permany esasynda halkymyzyň baýramçylyk günlerini agzybirlikde geçirmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Baýramçylyk günlerinde goňşy-golamlary, dost-ýarlary we dogan-garyndaşlary bilen naz-nygmatly baýramçylyk saçagynyň başynda didarlaşmak indi asylly däbe öwrüldi. Şeýle hem baýramçylyk günlerinde ýurdumyzyň çar künjeginde dürli medeni köpçülikleýin çäreler geçirilýär. Ähli ýerlerde gurnalan hiňňildikleriň daş-töweregi örän köp adamly bolup, olarda ýaşlar bat alyp uçýarlar, şatlanýarlar.
“Imanym ýoldaş bolsa, barsam, Käbäni görsem” diýen dogaýy arzuw külli türkmeniň baş arzuwydyr. Şu ýyl hem ynsanperwerligiň baýramy bolan Gurban baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, ildeşlerimiziň 153-si bütin dünýäniň zyýaratçylarynyň millionlarçasy bilen bir hatarda, şu sahawatly günlerde mukaddes Käbä tagzym etmek we beýleki dessurlary berjaý etmek üçin Mekgede hem-de Medinede bolarlar. Olar Gahryman Arkadagymyza jan saglyk, abraý, belent mertebe, il-ýurt bähbitli işlerinde gujur-gaýrat, halkymyza gülläp ösüşler, rysgal-döwlet, asudalyk, agzybirlik dileg ederler.
Gurban baýramynyň toý saçaklary dürli-dümen nygmatlardan doly bolýar. Türkmen halky baýramçylyk günleri gurbanlyk sadakalaryny berip, toý saçagyny giňden ýazýarlar. Ýüreklere ýagty ýalkym saçyp, köňülleri päkleýän ynsanperwerligiň baýramy bolan Gurban baýramyňyz gutly bolsun! Doga-dilegleriňiz, berjek sadakalaryňyz Beýik Biribaryň keremli dergähinde kabul bolsun, eziz ildeşler!