Meksikaly suratkeş Alehandro Riwera Kanýas ýekelikde iň uly suraty çekip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Onuň çeken suratynyň meýdany 289 inedördül metre deňdir. Ol Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheriniň merkezindäki ýadygärligiň suratyny çekdi. Şol meýdançada suratkeşiň çeken eseriniň tanyşdyrylyş dabarasy guraldy. Oňa Ginnesiň rekordlar kitabynyň sebit wekili hem gatnaşdy. Ginnesiň wekili bu suratyň bir adamyň çeken iň uly suraty hökmünde rekordlar kitabyna girendigini tassyklady. Suratkeş bu eseriň üstünde 2 aý zähmet çekdi we ortaça her gün 8 sagadyny sarp etdi. Ol giň göwrümli suraty 17 bölege bölüp, her biriniň üstünde aýratynlykda işledi.
Mundan ozalky rekord hindistanly suratkeşe degişli bolup, onuň çeken suratynyň meýdany 280 inedördül metre deňdir.