8-11-nji iýun aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň XIX döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň forumynyň çäklerinde guralan GDA-nyň ýaşlar simfoniki orkesriniň çykyşyna ýurdumyzdan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri gatnaşdy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň baş dirižýory Rasul Gylyjow bilen söhbetdeş bolanymyzda ol:
-Biz forumda Nury Halmämmedowyň «Durnalar» simfoniýasyny, P.I.Çaýkowskiniň eserini ýerine ýetirdik. Bu eserler tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. GDA-nyň ýaşlar simfoniki orkesriniň çykyşyna Belarus, Täjigistan, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikalaryndan wekiller gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet we sungat ussatlarymyzyň dünýä döwletlerinde çykyşlar edip, sungatymyzyň dürdänelerini Ýer ýüzüne ýaýmaklary babatda şeýle giň mümkinçilikleriň döredilýändigi üçin, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlarymyzy aýdýarys.
Biz toparymyz bilen köp ýurtlarda çykyşlar etdik. Belarus Respublikasynyň Brest şäherinde, Daşkent, Samarkant, Bişkek, Moskwa, Sankt-Peterburg, Fransiýa, Germaniýa ýaly döwletlerde aýdym-saz eserlerimizi belentden ýaňlandyrdyk. Özboluşly owazlara baý aýdym-sazlarymyzy islendik ýurduň sahnasynda ýerine ýetirseň-de muşdagy ýetik bolýar. Çünki türkmen aýdym-sazlary nusgalyk aýdym-sazlar. Bişkekde ýaňlanan owazlar hem dost-doganlyk owazlary bolup dabaralandy – diýip buýsanç bilen aýtdy.
Çeşme: https://medeniyet.gov.tm





