Şu gün In­do­ne­zi­ýa­nyň paý­tag­ty Ja­kar­ta hem-de Pa­lem­bang şä­her­le­rin­de XVIII Aziýa oýun­la­ry­nyň res­mi açy­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ri­ler. 45 ýurt­dan 12000-den  hem köp tür­ge­niň gat­naş­ýan oýun­la­ryn­da kä­bir sport ýa­ryş­la­ry­na (fut­bol, gand­bol, basketbol)  hep­dä­niň ba­şyn­da ba­dal­ga ber­lip­di. 2-nji sent­ýab­ra çen­li do­wam et­jek Azia­da­da tür­gen­ler spor­tuň umu­my­lyk­da 40 (ugur­la­ra böl­nen­de 58) gör­nü­şi bo­ýun­ça bäs­le­şer­ler. Oýun­la­ryň ny­şa­ny (mas­ko­ty) In­do­ne­zi­ýa mah­sus bolan jandarlardan jen­net gu­şy – “Bhin Bhin”, ýum­ruk su­gu­ny – “Atung” hem-de Ýa­wan ker­ki – “Ka­ka” oýun­la­ryň şow­hu­ny­ny has-da art­dy­rar. Türk­men tür­gen­le­ri-de bu oýun­la­ra 72 tür­gen bi­len gat­na­şyp, il­deş­le­ri­miz spor­tuň 11 gör­nü­şi bo­ýun­ça ýa­ryş­la­ra go­şu­lar. Il­deş­le­ri­mi­ze XVIII Azi­ýa oýun­la­ryn­da uly üs­tün­lik­ler ar­zuw ed­ýä­ris.