19-sy ýer­li tä­lim­çi
Çem­pio­nat­da 20 klub bo­lup, ola­ryň 19-sy­na ýer­li tä­lim­çi­ler tä­lim be­rer. Di­ňe “Udi­ne­ze” to­pa­ry­na is­pa­ni­ýa­ly Hu­lio We­las­kes tä­lim­çi­lik eder. Do­gan­lar Fi­lip­po we Si­mo­ne In­za­gi­ler hem de­giş­li­lik­de, “Bo­lon­ýa” we “La­sio” to­pa­ry­nyň tä­lim­çi­leri bo­lup, “Se­rie A-da” şeý­le wa­ka il­kin­ji ge­zek duş ge­lin­ýär. Tej­ri­be­li tä­lim­çi Kar­lo An­çe­lot­ti 11 ýyl­dan soň, ýe­ne-de “Se­rie A” do­lan­dy.

“Par­ma” ýe­ne-de “Se­rie A-da”
Li­ga­nyň tä­ze klub­la­ryn­dan “Em­po­li” 1 ýyl­lyk ara­kes­me­den soň, ýe­ne-de “Se­rie A-da” çy­kyş eder. Il­kin­ji ge­zek 2015/16 möw­sü­min­de “Se­rie A-da” oý­nan “Fro­si­no­ne” to­pa­ry-da “Se­rie A-da” 2-nji möw­sü­mi­ni baş­dan ge­çi­rer. “Se­rie A-nyň” ýene bir “tä­ze” klu­by-da bir­wagt­la­ryň güýç­li to­pa­ry “Par­ma” bo­lup, ol 2015-nji ýyl­da ma­li­ýe taý­dan çö­küp­di we “Par­ma Calcio 1913” ady bi­len “Se­rie D” li­ga­sy­na dü­şü­ri­lip­di. Şon­dan bä­ri-de her möw­süm 1 ýo­ka­ry li­ga beý­ge­len “Par­ma” ge­çen möw­süm “Se­rie B-de” 2-nji ýe­ri eýe­läp­di.
“ÝU­WEN­TUS”. Soň­ky 7 ýy­lyň çem­pio­ny, umu­my­lyk­da-da 34 çem­pi­on­ly­gy bo­lan “Ýu­wen­tus” bu möw­süm­de-de, şüb­he­siz, al­tyn me­da­lyň iň esa­sy da­laş­gä­ri. Hat­da eý­ýäm­den çem­pi­on diý­ýän­le­riň sa­ny-da az däl. Mas­si­mi­lia­no Al­leg­ri­niň tä­lim­çi­li­gin­de 5-nji möw­sü­mi­ne gadam basan “Go­ja Sin­ýo­ra” dün­ýä­niň su­per ýyl­dy­zy Kris­tia­no Ro­nal­do­ny dü­zü­mi­ne goş­mak bi­len oza­lam ab­ra­ýy ýo­ka­ry bo­lan to­par hä­zir­ki wagt­da hem­mä­niň üns mer­ke­zin­dä­ki klub boldy. Ro­nal­do, Jan, Ka­ne­lo, ozal­ky oýun­çy­sy Bo­nuç­çi ýa­ly fut­bol­çy­la­ry dü­zü­mi­ne go­şan “Ýu­wen­tus” tä­ze ýyl­dyz­la­ry bi­len bir ha­tar­da, Di­ba­la, Man­žu­kiç, Dug­las Kos­ta, Ke­di­ra, Ki­el­li­ni, Pýa­niç da­ga bil bag­la­ýar. “Ýu­wen­tus­da” tä­ze möw­süm­dä­ki iň uly kem­çi­lik 17 ýyl­lap to­pa­ryň der­we­ze­si­ni go­ran Jan­lui­ji Buf­fo­nyň ýok­lu­gy bo­lar.
“RO­MA”. Ge­çen möw­süm­de Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da ýa­rym fi­na­la çen­li çy­kan paý­tagt­ly­lar “Ýu­wen­tu­syň” çem­pi­on­ly­gy­na päs­gel be­rip bi­läý­jek iň esa­sy to­par ha­sap­lan­ýar. Eu­se­bio Di Fran­çes­ko bi­len hü­jüm tak­ti­ka­sy­ny saý­lap, ony-da oýun­la­ry­na ymyk­ly or­naş­dy­ran klub Ol­sen, Kris­tan­te, Pas­to­re, Klui­wert, Nzon­zi, San­ton ýa­ly fut­bol­çy­la­ry trans­fer et­di. Tä­lim­çi Di Fran­çes­ko iki bäs­le­şik­de-de şow­ly ne­ti­je­ler ga­zan­mak üçin yk­jam to­par düz­di diý­se bo­lar. De Ros­si, Je­ko, Flo­ren­zi, Ko­la­row, Ün­der, Pel­leg­ri­ni, Pe­rot­ti, Stroot­man, El Şa­ra­wi da­gy to­pa­ryň tä­ze ýyl­dyz­la­ry bi­len bilelikde, esa­sy umyt bil­di­ril­ýän fut­bol­çy­lar­dyr.
“IN­TER”. Tä­lim­çi­si Lu­ça­no Spal­let­ti bi­len şert­na­ma­nyň möh­le­ti­ni 3 ýyl uzal­dan “In­ter” trans­fer möw­sü­min­de Naing­go­la­ny, Kwad­wo Asa­moa­ny, De Wri­ji, Wrsa­li­ko­ny, Bal­de­ni ha­ta­ry­na goş­dy. Ola­ryň ha­ta­ryn­a Lu­ka Mod­riç hem goşulyp bi­ler. Ikar­di, Pe­ri­şiç, Kand­re­wa, Mi­ran­da, Bro­zo­wiç ýa­ly oýun­çy­la­ry bi­len “In­ter” üçi­nem çem­pi­on­ly­gyň wag­ty ge­lip ýet­di. Milanlylar ge­çen möw­sümde il­kin­ji tap­gyr­la­ry diý­seň şow­ly ge­çir­se-de, soň­lu­gy bi­len, olara ahyr­ky tap­gyr­da 4-nji or­ny eýe­lemek başartdy. “In­ter” bu ge­zek şol goý­be­ren säw­lik­le­ri­ni gaý­ta­la­ma­sa, “Ýu­wen­tu­syň” çem­pi­on­ly­gy sars­dyr­ma­gy müm­kin.
“MI­LAN”. Hy­taý­ly işe­wür­le­riň ga­ra­ma­gyn­dan ame­ri­kan işe­wür­le­riň eýe­çi­li­gi­ne ge­çen “Mi­lan” to­pa­ryna An­to­nio Kon­te­niň tä­lim­çi bol­jak­dy­gy ba­ra­da­ky gür­rüň­ler çyk­sa-da, klub Jen­na­ro Gat­tu­so bi­len ýo­lu­ny do­wam et­dir­ýär. Bo­nuç­çi­ni, Ka­li­ni­çi, And­re Sil­wa­ny ug­ra­dan “Mi­lan” Gon­za­lo Hi­guain ýa­ly ýyl­dyz hü­jüm­çi­ni trans­fer et­di. Kal­da­ra, Rei­na, Ha­li­lo­wiç, Ba­ka­ýo­ko, Stri­niç hem beý­le­ki trans­fer­ler bo­lup, Bo­na­wen­tu­ra, Kes­si, Çal­ha­nog­lu, Su­so, Kut­ro­ne, Ro­man­ýo­li, Do­nn­ar­rum­ma jan­kö­ýer­le­riň bil bag­la­ýan oýun­çy­la­ry­dyr. “Ýu­wen­tus­dan” öň çem­pi­on bo­lan iň soň­ky baş­ga to­par diý­lip ha­sa­ba al­nan “Mi­lan” çem­pi­on­lyk ga­za­nar­dan daş­rak­da.
“NA­PO­LI”. Mau­ri­zio Sar­ri­niň tä­lim­çi­li­gin­de ge­çen möw­süm çem­pi­on­ly­gy so­ňu­na çen­li ko­wa­lan nea­pol­ly­lar tej­ri­be­li Kar­lo An­çe­lot­ti bi­len şert­na­ma bag­laş­dy. Oýun­çy­lar­dan esa­sy ýyl­dy­zy Jor­ji­nio­ny “Çel­sä” sa­tan “Na­po­li” Si­mo­ne Wer­di hem-de Fa­bi­an Rui­zi trans­fer et­di. Jan­kö­ýer­ler to­pa­ryň azyn­dan ge­çen ýyl­ky ba­şar­ny­gy­ny gaý­ta­la­ma­gy­ny is­le­ýärler.
“LA­SIO”. Si­mo­na In­za­gi­niň tä­lim­çi­li­gin­de köp gol­ly we owa­dan oýun gör­kez­ýän rim­li­ler ge­çen möw­süm soň­ky tap­gyr­da 4-nji­li­gi “In­te­re” al­dyr­dy. Esa­sy ýyl­dyz­la­ryn­dan Fe­li­pe An­der­so­ny to­par­dan ug­ra­dan “La­sio” öň­dä­ki orun­la­ra da­laş et­jek klub­la­ryň bi­ri­dir.

To­par­la­ryň tä­lim­çi­le­ri­niň 15-si is­pan, ga­lan 5-si ar­gen­ti­na­ly bo­lup, şol ar­gen­tin­le­riň-de 4-si tä­ze­lik­de bel­le­n­di. Çem­pi­on­ly­gyň esasy da­laş­gä­ri hök­mün­de “Bar­se­lo­na” gar­şy­daş­la­ry­na ga­ra­nyň­da, bir ädim öň­de. Ro­nal­do­ny el­den gi­de­ren “Re­al Mad­rid” bi­len “At­le­ti­ko-da” bu ugur­da 2-nji ýe­ri eýe­le­ýär­ler. Adat­ça “Wa­len­si­ýa­dyr” “Se­wil­ýa”, “Wil­ýar­re­al” bol­sa 4–5–6-njy orun­lar ug­run­da gö­reş alyp ba­rar.
“La Li­ga­nyň” tä­ze to­par­la­ry-da “Hu­es­ka” il­kin­ji ge­zek “La Li­ga­da” çy­kyş et­se, hä­li-şin­di iki li­ga­nyň ara­syn­da gat­nap du­ran “Ra­ýo Wal­le­ka­no” 2, “Wal­ýa­do­lid” 4 ýyl­dan soň, ýe­ne-de ýo­ka­ry li­ga do­lan­dy.
Ro­nal­do­nyň git­me­gin­den soň, az­da-kän­de şöh­ra­ty pe­sel­di diý­ýän­ler bar hem bol­sa, “El Kla­si­ko” he­mi­şe-de “El Kla­si­ko” bol­ýar. Fut­bol muş­dak­la­ry­nyň sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýan bu 2 du­şu­şy­gy­nyň il­kin­ji­si okt­ýab­ryň aýa­gy­na, jo­gap oý­ny-da mart aýyn­da oý­na­lar.
“BAR­SE­LO­NA”. Su­per ýyl­dy­zy Lio­nel Mes­si­ni klu­buň tä­ze ka­pi­ta­ny di­ýip bel­län “Bar­se­lo­na­da­ky” iň esa­sy aý­ra­lyk to­pa­ryň oňur­ga­sy ha­sap­lan­ýan And­res Inies­ta­nyň git­me­gi­dir. Ha­wi­niň gitmeginden soň­, 2015/16 möwsüminde az hem bol­sa kyn­çy­lyk çe­ken “Bar­se­lo­na­nyň” Inies­ta­syz nä­hi­li oýun gör­kez­jek­di­gi köp­le­ri iç­gin gy­zyk­lan­dyr­ýar. Wi­dal, Ar­tur, Mal­kom ýa­ly oýun­çy­la­ry trans­fer eden “Bar­se­lo­na­nyň” iň esa­sy bil baglaýan ýyl­dy­zy, şüb­he­siz, Lio­nel Mes­si bo­lar. Oňa Sua­res, Koutinio, Dem­be­le, Pi­ke, Bus­kets, Ra­ki­tiç, Al­ba, Um­ti­ti ýa­ly oýun­çy­lar ýar­dam be­rer.
“RE­AL MAD­RID”. Ro­nal­do­nyň öwe­zi­ni ýyl­dyz oýun­çy bi­len do­lup bil­me­dik “Re­al Mad­rid” hä­zir­lik­çe to­par­da­ky bar bolan oýun­çy­lary bi­len azyn­dan gyş­ky trans­fer möw­sü­mi­ne çen­li my­dar et­mek­çi bol­ýar. Ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da we­zi­pe­si­ni taş­lan Zi­ne­din Zi­da­nyň or­nu­na gop­gun­ly ýag­daý­da bel­le­nen Hu­len Lo­pe­te­gi toparynyň Beýl, Ben­ze­ma, Mod­riç, Is­ko, Asen­sio, Was­kes, Ra­mos, tä­ze trans­fer­ler­denem Kur­tua, Wi­ni­si­us Ju­ni­or ýa­ly oýun­çy­la­ry­na bil bag­la­ýar. Şu ýer­de iň esa­sy so­wal “Rea­lyň” tä­ze möw­sü­mde nä­çe ku­bok gazanjak­dygy bo­lup dur­ýar. ÇL-ni yz­ly-yzy­na 3 ge­zek eýe­län şa klu­bu­nyň 2 bäs­le­şik­de nä­hi­li oýun gör­kez­jek­di­gi eý­ýäm­den jan­kö­ýer­le­riň esa­sy üns mer­ke­zin­de.
“AT­LE­TI­KO”. Iki lä­he­ňiň ara­syn­da çem­pi­on­lyk ug­run­da ýi­ti gö­reş alyp bar­ýan “At­le­ti­ko Mad­rid­de” iň esa­sy zat tä­lim­çi Die­go Si­meo­ne­niň ýe­ne-de we­zi­pe­si­ni do­wam et­dir­ýänli­gi­dir. Trans­fer möw­sü­mi­niň iň he­re­ket­li is­pan klub­la­ry­nyň bi­ri bo­lan “At­le­ti­ko” to­pa­ry Le­mar, Ka­li­niç, Gel­son Mar­tins, Rod­ri ýa­ly oýun­çy­la­ry dü­zü­mi­ne goş­dy. Ga­bi, Fer­nan­do Tor­res, Wrsal­ko, Wi­et­to, Ga­mei­ro ýa­ly oýun­çy­la­ram baş­ga to­par­la­ra trans­fer bol­dy. Ýol­daş­lyk du­şu­şyk­la­ry­ny pes de­re­je­de ge­çi­ren paý­tagt­ly­lar çem­pi­on­ly­gyň 3-nji, belki-de 2-nji da­laş­gä­ri ha­sap­lan­ýar.
“WA­LEN­SI­ÝA”. Çem­pi­on­lyk ug­run­da­ky gö­reş­de yz­ky orun­lar­da bol­sa-da “Wa­len­si­ýa” hem “La Li­ga­nyň” güýç­li klub­la­ryn­dan bo­lup, olar tä­ze möw­süm­de Bat­şua­ýi, Ga­mei­ro, Çe­ry­şew ýa­ly oýun­çy­lar bi­len dü­zü­mi­ni güýç­len­dir­di. To­par 4-nji ýer üçin “Se­wil­ýa”, “Wil­ýar­re­al” to­par­la­ry bi­len bäs­le­şer.
“SE­WIL­ÝA”. Maý aýy­nyň ahy­ryn­da Pab­lo Ma­çi­ni tä­lim­çi­li­ge bel­län “Se­wil­ýa” kä­bir oýun­çy­la­ry­ny — Lang­le, Nzon­zi, Kor­rea da­gy­ny to­par­dan ug­rat­dy. Ola­ryň de­re­gi­ne Aleiks Wi­dal, And­re Sil­wa, Ama­du, Gna­gon ýa­ly fut­bol­çy­la­ry trans­fer et­di.