Aziýa sebiti boýunça goňşy ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şol syýasat bolsa oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Baştutanlarynyň ýokary derejede geçiren gepleşikleri munuň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Gepleşikleriň barşynda taraplaryň däp bolan dostlukly gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga taýýardygy tassyklanyldy. Bu duşuşyga iki doganlyk ýurduň we halklaryň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine laýyk gelýän türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka hökmünde garalýar.
Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Prezident Sooronbaý Žeenbekowy resmi adamlar garşyladylar. Howa menzilinden Gyrgyzystanyň Baştutanynyň awtoulag kerweni motosiklçileriň toparynyň ugratmagynda Garaşsyzlyk meýdanyna tarap ugrady. Bu ýerde belent mertebeli myhmany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow garşylady.
Iki ýurduň Liderleri dostlarça salamlaşyp, ýörite niýetlenen ýere barýarlar. Bu ýerde Prezident Sooronbaý Žeenbekowy resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy. Soňra iki ýurduň Baştutanlary türkmen atçylarynyň hormatly kerweniniň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumyna geldiler. Bu ýerde Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, ikiçäk görnüşde ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhmany mübärekläp, Prezident Sooronbaý Žeenbekowy Aşgabatda kabul edýändigine şatdygyny nygtady. Milli Liderimiz ýurdumyzyň esasyny gadymdan gelýän taryhy gatnaşyklary düzýän netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklap, Gyrgyzystanyň Baştutanynyň şu döwlet saparynyň däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryna täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, Prezident Sooronbaý Žeenbekowy we onuň üsti bilen tutuş gyrgyz halkyny Gurban baýramy bilen gutlady.
Gyrgyz Lideri hormatly Prezidentimize Türkmenistana döwlet sapary bilen gelip görmäge çakylygy hem-de mähirli garşylandygy üçin hoşallyk bildirip, ýurtlarymyzyň taryhy-medeni umumylygynyň ikitaraplaýyn hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmek üçin möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.
Özara ynanyşmak we işjeňlik ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Baştutanlary döwletara gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, hyzmatdaşlygyň geljegini we häzirki ýagdaýyny nazara almak bilen, esasy ugurlary anyklaşdyrdylar.
Söwda-ykdysady ulgam, energetika, ulag we beýleki birnäçe pudaklar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Iki ýurduň Liderleri Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň ornuny belläp, netijeli gatnaşyklary, şol sanda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we işjeňleşdirmäge ýardam edýän işewür duşuşyklaryň geçirilmeginiň ähmiýetine aýratyn üns berdiler.
Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde – iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda “Soltan Sanjar” zalynda dowam etdirildi.
Hormatly Prezidentimiz gyrgyz kärdeşine we wekiliýetiň agzalaryna ýüzlenip, bu saparyň taryhy nukdaýnazardan hem-de ýurtlarymyz we halklarymyz üçin aýratyn ähmiýetlidigini nygtady.
Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de hil taýdan baýlaşdyrmak esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamdaky gatnaşyklar boýunça anyk sanlaryň aýdylandygyny belläp hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň häzirki wagtdaky derejesiniň ýurtlarymyzyň uly mümkinçiliklerine laýyk gelmeýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny we usullaryny işjeň gözlemegiň wajypdygyny nygtap, Söwda-ykdysady, ylym-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparyny döretmek hakyndaky başlangyjy goldanlygy üçin doganlyk ýurduň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirdi. Toparyň nobatdaky mejlisi golaýda Aşgabatda geçirildi. Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygyny giňeltmek üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.
Ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmegiň wajypdygyny belläp, milli Liderimiz Prezident Sooronbaý Žeenbekowa logistika ulgamyny dürs guramak baradaky türkmen tarapynyň başlangyjyny goldandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şol birwagtyň özünde Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Baştutanlarynyň iki ýurduň telekeçileri tarapyndan Bişkekde söwda merkezini gurmak hakyndaky başlangyjyny durmuşa geçirmegiň ähmiýeti nygtaldy. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy haryt dolanyşygynyň diňe bir mukdarynyň däl, eýsem, onuň görnüşleriniň artmagyna mümkinçilik berer. Özara gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, milli Liderimiz bu işe iki ýurduň hususy kompaniýalaryny we kärhanalaryny, telekeçilik düzümlerini çekmegi teklip etdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle başlangyçlary hemişe goldamaga, olaryň bilelikdäki işi üçin zerur bolan tagallalary etmäge taýýardygyny nygtady. Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasynda energetika we ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz biziň ýurtlarymyzyň iri halkara energetika taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin geografiki taýdan amatly ýerleşmegi bilen birlikde ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda geljekde hem bu ugurda bilelikde hyzmatdaşlyk etmek teklip edildi.
Sport ulgamynda ýola goýulýan ikitaraplaýyn gatnaşyklara kanagatlanma bildirip, hormatly Prezidentimiz ýakynda türkmen wekilleriniň Gyrgyzystanda geçiriljek Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlaryna gatnaşmagy baradaky resminama gol çekilendigini belledi. Şeýle hem, milli Liderimiz doganlyk ýurduň ýygyndy toparynyň geçen ýyl Aşgabatda bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edendigini belledi.
Soňra Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentine söz berilýär. Türkmenistana döwlet sapary bilen gelip görmäge iberen çakylygy, myhmansöýer türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hormatly Prezidentimize ýene bir gezek hoşallyk bildirip, belent mertebeli myhman Gyrgyzystanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklara ägirt uly ähmiýet berýändigini we özara peýdaly hyzmatdaşlygy artdyrmaga hem-de pugtalandyrmaga meýillidigini nygtady.
Geçirilen gepleşikleriň ähmiýeti barada aýdyp, Gyrgyzystanyň Prezidenti bu duşuşygyň netijeleriniň strategik ähmiýeti bolan döwletara gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Gol çekilen resminamalar toplumy munuň aýdyň subutnamasydyr. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparyna möhüm ornuň degişlidigini belläp, gyrgyz Lideri geçen aýda Aşgabatda geçirilen nobatdaky mejlisde gazanylan ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine we onuň türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge oňyn täsir etjekdigine ynam bildirdi. Dostlukly ýurduň Baştutany ýangyç-energetika toplumyny, ulag-üstaşyr ulgamy, azyk we gaýtadan işleýän senagaty, oba hojalygyny, dokma senagatyny özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary hökmünde görkezdi. Şeýle hem gyrgyz tarapynyň Türkmenistandan mineral dökünleri we energiýa serişdelerini almaga uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Sebitleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigine aýratyn üns berildi. Şunlukda, Bişkek bilen Aşgabadyň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakyndaky Ylalaşygyň ähmiýeti nygtaldy.
Türkmenistanyň şu iri halkara sport ýaryşlaryny – “Amul – Hazar 2018” awtorallisini we agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny geçirýändigini nygtap, belent mertebeli myhman bu çäreleriň ýokary derejede guraljakdygyna ynam bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, Prezident Sooronbaý Žeenbekow hormatly Prezidentimizi we türkmen wekiliýetini Gyrgyzystanda sentýabr aýynda geçiriljek Çarwadarlaryň üçünji bütindünýä oýunlaryna, şeýle hem türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy.
Dostlukly döwletiň Baştutany sözüniň ahyrynda bu gezekki gepleşikleriň gün tertibine girizilen meseleleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça degişli çäreleriň kesgitlenjekdigine we ýakyn wagtda anyk netijeleriň gazanyljakdygyna ynam bildirdi. Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soň, “Seljuk han” zalynda Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Sooronbaý Žeenbekow Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda strategiki hyzmatdaşlyk, dostlugy we ynanyşmagy pugtalandyrmak hakynda Jarnama gol çekdiler. Şeýle hem iki ýurduň hökümet wekilleriniň gol çekmeginde dürli ugurlar boýunça ençeme ylalaşyklar gazanyldy.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanansoň, iki ýurduň Liderleri “Magtymguly” zalynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Soňra hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi günortanlyk naharyny berdi, onda iki döwletiň Liderleri söz sözlediler.
Gyrgyz Respublikasynyň Baştutany Aşgabatdaky saparynyň çäklerinde Gypjak obasyna bardy we Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýadygärligini hatyralap, onuň kümmetine gül goýdy, ýurdumyzyň baş metjidine baryp gördi.
Şeýle hem belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdy. Asylly däbe görä, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bu ýerdäki Hormatly myhmanlaryň seýilgähinde iki döwletiň we halklaryň arasyndaky dostlugyň nyşany hökmünde ýaş agaç nahalyny oturtdy.
Soňra dostlukly ýurduň Lideri paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine baryp gördi, bu ýerde 2017-nji ýylyň sentýabrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary uly üstünlik bilen geçirildi. Belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen gurlan bu köpugurly şäherçäniň düzümi bilen tanşyp, onuň gerimine, oýlanyşykly ýerleşdirilişine, özboluşly binagärlik aýratynlyklaryna, işleýiş häsiýetnamalaryna hem-de desgalaryň ýokary tehnologiýaly enjamlaşdyrylyşyna ýokary baha berdi.
Döwlet saparynyň maksatnamasyna laýyklykda, gyrgyz Lideri Aşgabadyň dokma toplumyna bardy we onuň işi bilen tanyşdy. Bu ýerde Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentine dokma kärhanalarynda taýýarlanylýan taýýar jinsi, tüýjümek, örme we beýleki matalaryň görnüşlerinden, lukmançylyk pamygy, nah ýüplük, matalaryň dürli nusgalary – panbarhat we keteni önümlerinden guralan sergi görkezildi.
Şeýle hem Gyrgyz Lideri Türkmenistana döwlet saparynyň çäklerinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.