Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýö­ri­te Per­ma­ny esa­syn­da ýur­du­myz­da Gur­ban baý­ra­my döw­let de­re­je­sin­de ulu­dan baý­ram edil­di. Mil­li Li­de­ri­miz Now­ruz ýaý­la­syn­da Gur­ban­lyk sa­da­ka­sy­ny ber­di we bu nu­ra­na baý­ram my­na­sy­bet­li gu­ra­lan baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy, şeý­le hem bu ýer­de Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti­niň bi­le­lik­dä­ki göç­me mej­li­si­ni geçir­di.
“Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” di­ýen şy­gar as­tyn­da geç­ýän ýyl­da re­him­dar­ly­gy we ag­zy­bir­li­gi ala­mat­lan­dyr­ýan Gur­ban baý­ra­my äh­li halk­la­ryň ara­syn­da äh­lu­mu­my ösü­şiň hem-de aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne dost­luk we hyz­mat­daş­lyk duý­gu­la­ry­na bes­le­nen­dir.

Bu baý­ram mil­li Li­de­ri­mi­ziň sy­ýa­sa­tyn­da öz be­ýa­ny­ny ta­pan türkmen hal­ky­nyň kö­pa­syr­lyk hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk däp­le­ri­niň hem-de ga­dym­dan göz­baş al­ýan myh­man­sö­ýer­li­gi­niň ös­dü­ril­ýän­di­gi­niň we hä­zir­ki döw­rüň me­ýil­le­ri bi­len baý­laş­dy­ryl­ýan­dy­gy­nyň ala­ma­ty­na öw­rül­ýär.
Bu baý­ram my­na­sy­bet­li esa­sy da­ba­ra­lar Aş­ga­bat­dan uzak bol­ma­dyk Now­ruz ýaý­la­syn­da ge­çi­ril­di. Baý­ram­çy­lyk gün­le­rin­de “Ak öý” bi­na­sy­nyň öňün­dä­ki meý­dan­ça aý­ra­tyn köp adam­ly bo­lup, joş­gun­ly aý­dym-saz­lar ýaň­lan­dy. Bir ha­ta­ra dü­zü­len hem-de ýaş­la­ryň gur­şap alan hiň­ňil­dik­le­rin­den şa­dy­ýan gül­ki ses­le­ri eşi­dil­di.
Baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry­na gat­na­şan mil­li Li­de­ri­miz köp­çü­lik­le­ýin des­sur­la­ry ge­çir­mek üçin ni­ýet­le­nen bi­na­da Gur­ban-lyk sa­da­ka­sy­ny ber­di. Sa­da­ka be­ril­ýän ýe­re Türk­me­nis­ta­nyň müf­tü­si, we­la­ýat­la­ryň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň ymam­la­ry, paý­tag­ty­my­zyň we wela­ýat­la­ryň hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ry, ýur­du­my­zyň ýol­baş­çy­lar dü­zü­mi­niň ag­za­la­ry we beý­le­ki­ler ýyg­nan­dy­lar.
Ta­gam çe­kil­me­zin­den öň döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýyg­na­nan­la­ra ýüz­len­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hem­me­le­ri Gur­ban baýra­my bi­len gut­lap, “Gur­ban baý­ra­my­ňyz gut­ly bol­sun, gur­ban­lyk sa­da­ka­la­ry­ňyz ka­bul bol­sun!” diý­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gur­ban baý­ra­my­nyň da­ba­ra­la­ry­nyň Now­ruz ýaý­la­syn­da ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni bel­läp, bu ýaý­la­nyň ga­dy­my däp-des­sur­la­ry­my­zyň ro­waç­lan­ýan, mil­li toý-baý­ram­la­ry­my­zyň giň­den bel­le­nil­ýän ýe­ri­ne öw­rü­len­di­gi­ni nygta­dy. “Ak öý” bi­na­sy bol­sa, bi­ziň mil­li däp-des­sur­la­ry­my­zyň ny­şa­ny­dyr. Ol mi­ze­mez döw­le­ti­mi­ziň her bir öý-oja­gyň aba­dan­çy­ly­gyn­dan baş­lan­ýan­dy­gy­ny aň­lad­ýar. Öň hem bel­läp ge­çi­şi­miz ýa­ly, türk­men hal­ky gur­sa­gy Al­la­ly halk­dyr. Bi­ziň hal­ky­myz ys­la­myň gym­mat­lyk­la­ry­ny özü­niň ru­hy baý­lyk­la­ry bi­len ut­gaş­dy­ryp, asyl­ly däp­le­ri­ni ne­sil­le­re mi­ras go­ýan halk­dyr. Bu ha­ky­kat Gur­ban baý­ra­my gün­le­rin­de has-da aý­dyň gö­rün­ýär. Bu baý­ram­da hal­ky­my­zyň yn­san­per-wer­li­gi, ru­hy päk­li­gi, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gy, bi­rek-bi­re­ge hor­mat-sy­la­gy do­ly ýü­ze çyk­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di.
Mil­li Li­de­ri­miz Türk­me­nis­ta­nyň müf­tü­si­ne te­bä­rek çy­kyp ber­me­gi ha­ýyş et­di. Te­bä­rek çy­ky­lan­dan soň, mil­li ta­gam­lar çe­kil­di. Gur­ban­lyk sa­da­ka­sy­na gat­na­şy­jy­la­ra na­har çe­ki­lip, duz-ta­gam da­dy­lan­dan soň, Türk­me­nis­ta­nyň müf­tü­si toý tö­wi­ri­ni et­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bi­na­dan çy­kyp, bu ýer­de ýaý­baň­la­nan baý­ram­çy­lyk to­ma­şa­sy­ny syn­la­dy.
Bu ýer­de ýur­du­my­zyň her bir we­la­ýa­ty özü­niň saz­ly-et­nog­ra­fi­ýa çy­ky­şy­ny gör­kez­di, onuň mak­sat­na­ma­sy­na halk aýdym-saz­la­ry, ga­dy­my däp-des­sur­lar şöh­le­len­di­ril­ýän to­ma­şa­lar gi­ri­zil­di. Aý­dyň öwüş­gin­li çy­kyş­lar türk­men hal­ky­nyň baý mi­ra­sy­ny, köp­ta­rap­la­ýyn dö­re­di­ji­lik ze­hi­ni­ni açyp gör­kez­di. Şol bir­wagt­da ýaş­lar mil­li oýun­la­ry hem-de de­giş­me­leri ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler, şol çy­kyş­lar şa­dy­ýan we joş­gun­ly aý­dym­lar bi­len ut­gaş­dy. Se­net­kär­le­riň iş­le­ri­niň, ol ýa-da beý­le­ki se­bi­te ga­dym­dan mah­sus bo­lan aý­ra­tyn usul­lar bi­len taý­ýar­la­ny­lan mil­li ta­gam­la­ryň gör­ke­zil­me­gi bu ýer­de gu­ra­lan baý­ram­çy­lyk to­ma­şa­la­ry­nyň üs­tü­ni ýe­tir­di. Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz “Ak öý” bi­na­syn­da Hö­kü­me­tiň bi­le­lik­dä­ki göç­me mej­li­si­ni ge­çir­di.
* * *
Türk­me­nis­tan­da Gur­ban baý­ra­my şat­lyk-şow­hun bi­len gar­şy­lan­dy. Baý­ram­çy­lyk gün­le­ri tu­tuş ýur­du­myz­da gu­ra­lan da­ba­ra­lar ga­dy­my türk­men top­ra­gy­na nur çaý­dy, ru­hy gym­mat­lyk­lar, asyr­la­ryň pä­him-paý­ha­sy bi­len baý­laş­dyr­dy, aý­dym-saz­lar, ga­dy­my däp-des­sur­lar bilen be­ze­di hem-de köp san­ly ýat­dan çyk­ma­jak aja­ýyp duý­gu­la­ry we tä­sir­le­ri ba­gyş et­di.
Baý­ram­çy­lyk kon­sert­le­ri we beý­le­ki da­ba­ra­ly çä­re­ler ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­nyň mer­kez­le­rin­de hem-de Aş­ga­bat şähe­rin­de ge­çi­ril­di.