Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gül açýan Watanymyz halkara sportunyň ösen merkezine öwrüldi. Milli Liderimiziň başlangyçlary esasynda bu ugurda dünýä nusgalyk işler amala aşyrylýar. Häzirki günlerde bu işler bilen baglanyşykly “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisine ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Ýene-de sanlyja günden uç-gyraksyz Garagum sährasyndan geçjek halkara awtoralli häzirki günlerde bütin dünýäniň nazaryny özünde jemleýär.
Onuň dabarasy bütin dünýäni gurşap alýar. Bilşimiz ýaly, “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisi şu ýylyň güýz paslynyň ilkinji aýy sentýabrda Amuldan, ýagny Türkmenabatdan başlanyp, gojaman Hazaryň kenarynda – “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda tamamlanar. Meýilnama laýyklykda, marafona ýeňil awtomobiller, ýük awtomobilleri, şeýle hem SSV kysymly kwadrosikller gatnaşar. Şeýlelikde, olar 1500 kilometre deň bolan aralykda güýç synanyşarlar. “Amul – Hazar 2018” rallisi “Dakar” derejeli awtoralli ýaryşlarynyň hatarynda öz mynasyp ornuny alar.
Mälim bolşy ýaly, Garagum çöli bütin Orta Aziýa giňişliginde aňyrsy-bärsine göz ýetmeýän sähralyk hasaplanýar. Tebigy täsinliklere eýe bolan Garagum çölüniň dünýäde seýrek duş gelýän dürli agaçlary, ösümlik hem-de haýwanat dünýäsi bar. Gadymy döwürde bu giňişlikde Beýik Ýüpek ýoly uzapdyr. Dünýäde uly gyzyklanmalary döreden Beýik Ýüpek ýoly halklaryň medeni gatnaşyklarynyň ösmegine ýardam edip, söwda gatnaşyklarynyň, harytlaryň alyş-çalyş işleriniň, dünýä halklarynyň arasynda işewürligiň ýygjamlaşmagyna oňyn täsirini ýetiripdir.
Beýik Ýüpek ýolunyň ylmyň ösmegi üçin uly ähmiýete eýe bolandygyny-da ýeri gelende bellemelidiris. Kerwen ýollarynyň üsti bilen gatnadylan harytlaryň arasynda dünýä ylmyndan söhbet açýan kitaplaryň bolmagy adamlaryň gözýetiminiň giňemegine ýardam edipdir. Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda bu gatnaşyklaryň ähmiýetini birin-birin beýan edýär.
“Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisiniň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşyň ugry Türkmenistanyň tebigy landşaftyndan düzülip, Garagum sährasyny, düzlükleri, daglyk ýerleri öz içine alýar. “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda halkara awtoralliniň Garagumuň jümmüşinden geçmegi oňa gatnaşyjylaryň ata Watanymyzyň gadymy taryhy, mirasy we ýadygärlikleri, geň-enaýy tebigaty bilen ýakyndan tanyşmagyna ýardam eder.
Awtoralli ýaryşyna gatnaşyjylar Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ugruny gaýtalap, Türkmenistanyň gündogaryndan günbataryna tarap gidýän ugur boýunça hereket ederler. Uzak asyrlaryň dowamynda uç-gyraksyz giňişlikde kerwenleriň ýörän çylşyrymly sähra ýollary olaryň erjelligini we tutanýerliligini synar. Şeýlelikde, sürüjiler geçmişden şu güne uzan ýatdan çykmajak syýahaty amala aşyrarlar.
“Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisini guramaçylykly geçirmek hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde durýar. Milli Liderimiz sport ulaglarynyň ussat sürüjisi hökmünde ýaryşyň Garagum sährasyndaky ugruny hut özüniň synap görendigini we degerli maslahatlary berendigini hem belläp geçmek isleýäris. Munuň özi halkara marafonyň üstünlikli geçmegi üçin diýseň uly ähmiýete eýedir.
Häzirki günlerde dünýäniň ençeme döwletlerinde “Turkmen Desert Race 2018” diýip tanalýan halkara awtorallisini mahabatlandyrmak we giňden tanyşdyrmak boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Şeýle çäreler Türkmenistanyň Saud Arabystanyndaky, Türkiýe Respublikasyndaky, Ýaponiýadaky, Azerbaýjan Respublikasyndaky, Awstriýadaky we Koreýa Respublikasyndaky, Ukraina Respublikasyndaky ilçihanalary tarapyndan geçirildi.
Şunuň ýaly tanyşdyrylyş dabarasyny Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde ýerleşýän Konsullygy hem geçirdi. Hytaýda, Rumyniýada geçirilen tanyşdyrylyş dabarasy-da sport janköýerleriniň gyzyklanmalaryny artdyrdy.
Sporty dabaralandyrmak, ýeňiş tuglaryny belende götermek türgenleriň ukyp-başarnyklaryna bagly bolup durýar. Ýakyn günlerde ýurdumyzda geçiriljek bu halkara awtoralli türkmen ýaşlaryny diýseň gyzyklandyrýar. Şeýlelikde, ýaşlaryň köp sanlysy “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisine gatnaşmaga isleg bildirýärler. Munuň özi gujurly türkmen ýaşlarynyň guraljak ýaryşda ýurdumyzyň sport abraýyna abraý goşjakdyklaryna uly ynam döredýär.
Ýurdumyzda “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisiniň geçirilmegi Türkmenistanyň iri sport ýaryşlaryny guramakda dünýäde mynasyp ornunyň bardygyny görkezýär. Bu hakda 5-nji awgustda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýaýbaňlanan ýeri bolan Olimpiýa şäherçesiniň “Sport” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda halkara awtorallisine bagyşlanyp geçirilen mediaforumda hem bellenip geçildi.
Goý, bu işleriň gözbaşynda durup, türkmen sportuny ýokary ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Babageldi ISMAILOW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.