Möw­sü­miň 7-nji “Mas­ters” (Us­sat­lar) ýa­ry­şy – “Sin­sin­na­ti Mas­ters” ten­nis bäs­le­şi­gin­de er­kek­le­riň ara­syn­da No­wak Jo­ko­wiç, ze­nan­lar­dan Ki­ki Ber­tens ýe­ňiş ga­zan­dy. ABŞ-nyň Oha­ýo şta­tyn­da ge­çi­ri­len ýa­ry­şyň er­kek­le­riň ara­syn­da­ky fi­na­lyn­da ser­bi­ýa­ly No­wak Jo­ko­wiç bi­len bu ýa­ryş­da 7 çem­pi­on­lyk ga­za­nan şweý­sa­ri­ýa­ly Ro­jer Fe­de­rer du­şuş­dy. Iki ten­nis­çi mun­dan oza­lam 46 ge­zek ga­bat­la­şyp, şo­la­ryň 23-sin­de Jo­ko­wiç ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. Iki set­de-de 6:4 ha­sap­lar bi­len gar­şy­da­şy­ny ýeň­li­şe se­ze­war eden Jo­ko­wiç, bu ýer­de il­kin­ji çem­pi­on­ly­gy­na my­na­syp bol­dy. Şeý­le­lik­de, 31 ýa­şyn­da­ky Jo­ko­wiç 9 “Mas­ters” (“In­di­an Wells Mas­ters”, “Ma­ýa­mi Açyk”, “Mon­te-Kar­lo Mas­ters”, “Mad­rid Açyk”, “Ita­li­ýa Açyk”, “Ka­na­da Açyk”, “Sin­sin­na­ti Mas­ters”, “Şan­haý Mas­ters”, “Pa­riž Mas­ters”) ýa­ry­şy­nyň äh­li­sin­de-de çem­pi­on­lyk ga­za­nan il­kin­ji ten­nis­çi bol­ma­gy ba­şar­dy. Fe­de­re­riň, Na­da­lyň hem-de Mýur­re­ýiň 1991-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­lip ge­lin­ýän” Mas­ters” ýa­ryş­la­ry­nyň 7-sin­de çem­pi­on­ly­gy bar. Ga­ly­ber­se-de, 70-nji ATP çem­pi­on­ly­gy­ny ga­za­nan No­wak Jo­ko­wiç 31-nji “Mas­ters” ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­ter­di. Ol bu ba­bat­da 33 ku­bok­ly Na­dal­dan soň, 2-nji ha­tar­da bar­ýar.

“Sin­sin­na­ti Mas­ters” ýa­ry­şyn­da ze­nan­la­ryň ara­syn­da gol­lan­di­ýa­ly Ki­ki Ber­tens bi­len soň­ky wagt­lar­da çem­pi­on­lyk­lar ga­zan­ýan ru­my­ni­ýa­ly Si­mo­na Ha­lep du­şuş­dy. 1-nji set­de Ha­lep 6:2 ýe­ňiş ga­zan­dy. So­ňa­ba­ka ýa­daw­ly­gy duý­lup baş­lan, mun­dan 1 hep­de öň “Ka­na­da Açyk­da” çem­pi­on bo­lan Ha­lep 2-nji set­de taý-brek­den soň, 7:6 as­gyn gel­di. 3-nji set­de-de Ber­tens 6:2 ha­sa­by bi­len güýç­li gar­şy­da­şy­ny ýe­ňip, kar­ýe­ra­syn­da­ky iň uly çem­pi­on­ly­gy­na my­na­syp bol­dy. Bu ýe­ňiş 26 ýaş­ly ten­nis­çi­niň 6-njy WTA çem­pi­on­ly­gy bo­lup, ol 17-nji bas­gan­çak­dan 13-nji or­na beý­gel­di. Sa­na­wyň li­de­ri Ha­lep bol­sa, bu ýa­ryş­da bas­syr 2-nji, umu­my­lyk­da-da 3-nji ge­zek fi­nal­da utul­dy. Ber­ten­siň şu ýa­ryş­da fi­na­la çen­li Ka­ro­li­na Woz­ni­as­ki, Eli­na Swi­to­li­na, Pet­ra Kwi­to­wa ýa­ly ten­nis­çi­le­ri ýeň­li­şe se­ze­war eden­di­gi­ni hem bel­lä­liň.