Mil­li Li­de­ri­miz Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň “Hy­un­dai En­gi­nee­ring Co.,Ltd” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy we baş ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Sung Sang-Ro­ky, fran­suz kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­ny — “Si­fal” to­pa­ry­nyň ýol­baş­çy­sy we baş di­rek­to­ry Žil Re­mi­ni hem-de “Win­çi Konst­ruks­ýon Gran Pro­že” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy we baş di­rek­to­ry Alen Bon­no­ny hem-de Germaniýanyň “ILF Con­sul­ting En­gi­neers” kom­pa­ni­ýa­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy hem-de şu kom­pa­ni­ýa­nyň gö­zegçi­lik ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Adolf Faýsl­ma­ýe­ri ka­bul et­di.
“Oguz­han” köşk­ler top­lu­myn­dan Hö­kü­met bi­na­sy­na we­lo­si­ped­li ge­len mil­li Li­de­ri­miz il­ki bi­len “Hy­un­dai En­gi­nee­ring Co.,Ltd” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy we baş ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Sung Sang-Ro­ky ka­bul et­di. Du­şu­şy­gyň bar-şyn­da Sung Sang-Rok Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň işe­wür­ler dü­zü­mi­niň ýyl-ýyl­dan dün­ýä­niň äh­li kün­jek­le­rin­den iri ma­ýa­darla­ryň we kom­pa­ni­ýa­la­ryň köp san­ly­sy­ny özü­ne çek­ýän gel­je­gi uly türk­men ba­za­ryn­da öz orun­la­ry­ny ber­kit­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­dik­le­ri­ni bel­läp, bu ugur­da ne­ti­je­li gol­daw be­ril­ýän­di­gi üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­ly­gy­ny be­ýan et­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz döw­le­ti­mi­ziň dur­mu­şy­nyň äh­li ul­gam­la­ryn­da ama­la aşy­ryl­ýan düýp­li öz­gert­me­ler stra­te­gi­ýa­synyň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri­niň dün­ýä­niň iň go­wy tej­ri­be­si­ni çek­mek­den, tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak­dan yba­rat­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň işe­wür­ler to­par­la­ry bi­len köp­ýyl­lyk hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­ti­ni hem-de anyk mak­sat­la­ra gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni aý­dyp, bu gat­na­şyk­lary gi­ňelt­mek üçin ägirt uly kuw­wa­tyň bar­dy­gy­ny bel­le­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, te­bi­gy se­riş­de­le­ri se­na­gat taý­dan gaý­ta­dan iş­le­mek ul­ga­myn­da bi­le­lik­dä­ki ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­ny ama­la aşyr­mak hem-de türk­men yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň se­na­gat pu­da­gy­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek hyz­mat­daş-ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry bo­lup dur­ýar. Şun­da ta­gal­la­la­ryň tä­ze, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly önüm­çi­lik­le­riň, şol san­da gaz­himi­ýa pu­da­gyn­da tä­ze önüm­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­di­gi bel­le­nil­di. Bu ugur­da “Hy­un­dai En­gi­nee­ring Co.,Ltd” kom­pa­ni­ýa­sy bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de iş­jeň­leş­dir­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­ler açyl­ýar, bu kom­pa­ni­ýa Gy­ýan­ly şä­her­çe­sin­de po­lie­ti­len we po­lip­ro­pi­len önüm­çi­li­gi bo­ýun­ça iri möç­ber­li gur­lu­şy­gyň tas­la­masy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de hyz­mat­da­şy­myz bo­lup dur­ýar.
Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da ulag hem-de lo­gis­ti­ka ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi, bi­le­lik­dä­ki dü­züm­le­ýin tas­la­ma­la­ryň, uzak möh­let­le­ýin ma­ýa go­ýum­la­ry­ny goý­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy türk­men ta­ra­py­na tä­ze öza­ra bäh­bit­li tek­lip­le­ri hö­dür­le­mä­ge taý­ýardy­gy­ny aýt­dy.
MIL­LI LI­DE­RI­MI­ZIŇ
KI­TA­BY FRAN­SUZ DI­LIN­DE
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz “Si­fal” to­pa­ry­nyň ýol­baş­çy­sy we baş di­rek­to­ry Žil Re­mi­ni hem-de “Win­çi Konst­ruks­ýon Gran Pro­že” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy we baş di­rek­to­ry Alen Bon­no­ny ka­bul et­di.
Kom­pa­ni­ýa­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze fran­suz di­li­ne ter­ji­me edi­len “Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýolu­nyň ýü­re­gi” ki­ta­by­ny sow­gat be­rip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bu düýp­li işi­niň ola­ryň wa­tan­daş­la­ry­na mil­li-me­de­ni öz­bo­luş­ly­lyk, türk­men hal­ky­nyň däp-des­sur­la­ry we dur­muş ka­da­la­ry bi­len ta­nyş­ma­ga, şeý­le hem türk­men­le­riň dün­ýäniň yl­my-yk­dy­sa­dy we me­de­ni ösü­şi­ne go­şan go­şan­dy­na ba­ha ber­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­jek­di­gi­ni bel­le­di­ler.
Fran­si­ýa – Türk­me­nis­tan Söw­da pa­la­ta­sy­na hem baş­tu­tan­lyk ed­ýän Žil Re­mi­niň bel­leý­şi ýa­ly, onuň ýur­dun­da türk­men Li­de­ri­niň bu ese­ri ýo­ka­ry ba­ha my­na­syp bol­dy hem-de Türk­me­nis­ta­nyň ta­ryh­da we hä­zir­ki dö­wür­de se­bit­de nä­hi­li uly orun eýe­le­ýän­di­gi­ne göz ýe­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Myh­man­lar du­şu­şy­gyň bar­şyn­da mil­li Li­de­ri­mi­ze ho­şal­lyk bil­di­rip, gel­je­gi uly türk­men ba­za­ryn­da eýe­le­ýän orun­la­ry­ny ber­kit­mä­ge hem-de yna­nyş­mak we öza­ra bäh­bit­li­lik ýö­rel­ge­le­rin­de ýo­la goý­lan ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň do­wam et­di­rilme­gi­ne öz kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýo­ka­ry gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni bel­le­di­ler.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da bi­le­lik­de iş­le­me­giň top­la­nan oňyn tej­ri­be­si­ni na­za­ra alyp, hyz­mat­daş­lyk et­me­giň gel­je­gi ba­rada pi­kir al­şyl­dy. Ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my, ulag-ara­gat­na­şyk dü­züm­le­ri, gur­lu­şyk pu­da­gy işe­wür gat­na­şyk­la­ryň esa­sy ugur­la­ry hök­mün­de ag­zal­dy. Işe­wür­ler mil­li we se­bit äh­mi­ýet­li tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge mun­dan beý­läk-de iş­jeň gat­naş­ma­gy mak­sat edin­ýän­dik­le­ri­ni tas­syk­lap, bir­nä­çe anyk tek­lip­le­ri­ni aýt­dy­lar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz fran­suz hyz­mat­daş­la­ryň gat­na­şyk et­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­di­ri­len işe­wür çe­me­leş­me­le­ri­ni ka­nagat­lan­ma bi­len ka­bul edip, ony ös­dür­mek üçin Türk­me­nis­tan­da ama­la aşy­ryl­ýan iri möç­ber­li tas­la­ma­lar we mak­sat­na-ma­lar ba­bat­da giň göz­ýe­tim­le­riň açyl­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şol mak­sat­na­ma­la­ryň ha­ta­ryn­da önüm­çi­lik we ulag dü­züm­le­rini döw­re­bap­laş­dyr­mak, şä­her­gur­lu­şyk ul­ga­my bar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bu ba­bat­da hil öl­çeg­le­ri­niň üp­jün edil­me­li­di­gi-ne we iş­le­riň şert­na­ma­da bel­le­nen möh­let­ler­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li­di­gi­ne ün­si çek­di.

ENER­GE­TI­KA UL­GA­MYN­DA
HYZ­MAT­DAŞ­LYK
Şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz “ILF Con­sul­ting En­gi­neers” kom­pa­ni­ýa­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy hem-de şu kom­pa­ni­ýanyň gö­zeg­çi­lik ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Adolf Faýsl­ma­ýe­ri ka­bul et­di. Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da Türk­me­nis­tan­da yk­dy­sa­dyýe­tiň dür­li pu­dak­la­ryn­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan top­lum­la­ýyn öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­la­ry, hal­ka­ra tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ba­bat­da­ky iş­ler hem-de mun­dan beý­läk-de bi­le­lik­de iş­le­me­giň gel­je­gi ba­ra­da gür­rüň edil­di.
Ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my, dü­züm­le­ýin des­ga­la­ryň tas­la­ma­la­ry dü­zü­len­de we gur­lan­da de­giş­li hyz­mat­la­ry ýe­ri­ne ýetir­mek hyz­mat­daş­lyk et­me­giň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da ag­zal­dy.
Hu­su­san-da, se­bi­tiň dur­nuk­ly ösü­şi, Ýer ýü­zün­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we dur­nuk­ly­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak üçin uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lan Türk­me­nis­tan – Ow­ga­nys­tan – Pa­kis­tan – Hin­dis­tan (TOPH) trans­mil­li gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­nyň iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gin­de hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da me­se­le goz­gal­dy. Şu ba­bat­da myh­man hor­mat­ly Pre­ziden­ti­miziň äh­lu­mu­my ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge de­giş­li baş­lan­gyç­la­rynyň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy.
Adolf Faýsl­ma­ýer şeý­le hem gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak­da gat­na­şyk et­mä­ge gy­zyklan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni aý­dyp, kom­pa­ni­ýa­nyň esa­sy çeş­me bo­lan ga­zy, şeý­le hem goş­ma­ça ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni na­za-ra alyp, Türk­me­nis­ta­nyň ener­ge­ti­ka­sy­ny ös­dür­me­giň kon­sep­si­ýa­sy­ny düz­mek­de hyz­mat­la­ry­ny tek­lip et­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ugur­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li­li­gi­ni bel­läp, ne­bi­tiň we ga­zyň gaý­ta­dan iş­le­nil­me­gi ne­ti­jesin­de peý­da bol­ýan uly möç­ber­li bo­lan ugur­daş ga­zy, Gün ener­gi­ýa­sy­ny peý­da­lan­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne ün­si çek­di hem-de bu ba­ra­da­ky me­se­le­le­ri türk­men hü­när­men­le­ri bi­len ara alyp mas­la­hat­laş­ma­gy tek­lip et­di. Şun­da döw­let Baş­tuta­ny­myz bu tas­la­ma­la­ryň eko­lo­gi­ýa de­giş­li ugur­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy.
Hal­ka­ra äh­mi­ýet­li iri tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çi­rip, ýur­du­my­zyň kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­lyk üçin amat­ly ýag­daý­la­ry döred­ýän­di­gi nyg­tal­dy.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da myh­man ge­çi­ri­len gi­ňiş­le­ýin söh­bet­deş­lik üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di hem-de “ILF Con­sul­ting En­gi­neers” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Türk­me­nis­tan bi­len gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek ug­run­da yna­ny­lan we­zi­pe­le­ri ýeri­ne ýe­tir­jek­di­gi­ni ýe­ne-de bir ge­zek nyg­ta­dy.