Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da “Türk­men­gur­lu­şyk – 2018” hal­ka­ra ser­gi­si we “Türk­me­nis­ta­nyň gur­lu­şyk pu­da­gy­nyň ösü­şi” at­ly mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Hal­ka­ra fo­rum gur­lu­şyk pu­da­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­miýet ber­ýän mil­li Li­de­ri­mi­ziň Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da ge­çi­ril­di. Fo­ru­my Gur­lu­şyk we bi­na­gär­lik mi­nistr­li­gi “Türk­me­naw­to­ýol­la­ry” döw­let kon­ser­ni bi­len bi­le­lik­de gu­ra­dy­lar. Hal­ka­ra pu­dak­la­ýyn ser­gi ge­çi­ril­ýän ýyl­la­ry­nyň do­wa­myn­da gur­lu­şy­gyň, bi­na­gär­li­giň, gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri se­na­ga­ty­nyň hem-de bi­na­la­ryň be­zeg iş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek ul­ga­myn­da iň ab­raý­ly hal­ka­ra göz­den ge­çi­ri­liş­le­riň bi­ri­ne öw­rül­di.
Fo­ru­ma gat­naş­ýan­la­ryň we­kil­çi­lik­li dü­zü­mi hem-de bar­ha art­ýan sa­ny dün­ýä­niň işe­wür to­par­la­ry­nyň Türk­me-nis­ta­nyň ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len ös­ýän gur­lu­şyk pu­da­gy­na ägirt uly is­leg bil­dir­ýän­dik­le­ri­niň su­but­na­ma­sy­dyr.
Hal­ka­ra fo­ru­myň gat­na­şy­jy­la­ry­na Gut­lag ha­ty­ny ibe­ren hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şu ge­zek­ki hal­ka­ra ser­gi­niň hem-de mas­la­ha­tyň Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Türk­me­nis­ta­nyň gur­lu­şyk se­na­ga­ty­nyň ýe­ten sep­git­le­ri­ni giň­den wa­gyz et­mek­de, hü­när­men­le­ri­mi­ziň hem-de ola­ryň dost­luk­ly döw­let­ler­den kär­deş­le­ri­niň tej­ri­be alyş­ma­gy, geljek­ki tä­ze bi­na­la­ryň tas­la­ma­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­mak­la­ry üçin şert­le­ri dö­ret­mek­de uly äh­mi­ýe­ti­niň bol­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.
Şu ýyl­ky giň ge­rim­li ser­gä dün­ýä­niň 14 döw­le­tin­den – Hy­taý­dan, Rus­si­ýa­dan, Ger­ma­ni­ýa­dan, Is­pa­ni­ýa­dan, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­den, Awst­ri­ýa­dan, Fran­si­ýa­dan, Gre­si­ýa­dan, Finl­ýan­di­ýa­dan, Pol­şa­dan, Tür­ki­ýe­den, Ga­za­gys­tan­dan, Azer­baý­jan­dan, Uk­rai­na­dan 130-dan gow­rak kom­pa­ni­ýa­lar gat­naş­dy­lar.
Ser­gi­de ýur­du­my­zyň gur­lu­şyk pu­da­gyn­da iş­le­ýän hu­su­sy bö­lü­miň alyp bar­ýan iş­le­ri giň­den gör­ke­zil­di. Soň­ky ýyl­lar-da ýur­du­my­zyň hu­su­sy te­le­ke­çi­le­ri hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne ky­bap gel­ýän gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­niň on­lar­ça gör­nüş­le­ri­niň önüm­çi­li­gi­ni öz­leş­dir­di­ler. Şo­la­ryň ara­syn­da ýer­li çig mal­dan ön­dü­ril­ýän hem-de bu ha­ry­dyň da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­rilýän gör­nüş­le­ri­niň or­nu­ny tut­ma­ga gö­nük­di­ri­len aý­na mo­zai­ka­sy bi­na­la­ry be­ze­mek­de köp ula­nyl­ýar.
Şeý­le hem gur­lu­şyk pu­da­gy­ny ös­dür­me­giň we­zi­pe­le­ri hem-de bu ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri “Türk­me­nista­nyň gur­lu­şyk se­na­ga­ty­nyň ösü­şi” at­ly mas­la­ha­tyň bar­şyn­da ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.