Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, oba hojalygynda hem oňat netijeler gazanylýar. Oba hojalyk pudagy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine saldamly goşant goşýan pudaklaryň biridir. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen pudagyň sazlaşykly we yzygiderli ösüşi ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny we bolçulygyny döretmäge mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň maddy-tehniki binýadynyň güýçlendirilmegi babatda irginsiz alada edýän hormatly Prezidentimiz her hepdede geçirýän wideoşekilli iş maslahatlarynda oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler babatda hasabatlar alyp, pudakdaky işleri üns merkezinde saklaýar.
Milli Liderimiziň ak pata bermegi bilen ýurdumyzyň oba hojalyk işgärleriniň hem-de türkmen daýhanlarynyň öňünde ýene-de bir gyzgalaňly döwür başlandy. Ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda köpçülikleýin güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi. Bu oba hojalyk möwsümine toprak-howa şertlerine we agrotehniki kadalara laýyklykda, Daşoguz welaýatynda 5-nji sentýabrda girişiler.
Asylly däbe görä, Beýik Biribardan ak bugdaýyň bol hasylynyň alynmagyny dileg edip, hormatly ýaşulular ekişe ak pata berdiler. Degişli derejede we ýokary hilli taýýarlanylan ekerançylyk meýdanlaryna “Her bir dänäň müň bolsun!” diýip tohum taşlan hormatly ýaşulular bu işi ekiş geçirýän mehanizatorlara ynandylar. Ýokary öndürijilikli häzirki zaman tehnikalaryna ussatlyk bilen erk edýän mehanizatorlar işe girişdiler.
Şu ýyl tutuş ýurdumyz boýunça 760 müň gektara ak bugdaý ekiler. Gallaçy daýhanlar 2019-njy ýylda 1 million 600 müň tonna däne almaga borçlandylar. Şunlukda, Ahal welaýatynyň gallaçylary 450 müň, Mary welaýatynyň kärendeçileri 380 müň, Lebap welaýatynyň daýhanlary 350 müň, Daşoguz welaýatynyň gallaçy kärendeçileri 300 müň, Balkan welaýatynyň daýhanlary bolsa 120 müň tonna hasyl almagy meýilleşdirýärler. Gallaçylar zerur oba hojalyk tehnikalary bilen doly üpjün edildi. Şu möwsümde sürüm traktorlarynyň 2 müň 600-den gowragy hem-de “Сase”, “СLAAS”, “John Deere”, “Belarus – 80H” we “Belarus – 82.1” bejergi traktorlarynyň 7 müň 800-den gowragy, 1 müň 960 ekiji gurallar we beýleki tehniki serişdeler herekete giriziler.
Tyllagözel NURGELDIÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň mugallymy.