Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda köpçülikleýin sporty ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Şol birwagtda sportuň dürli görnüşlerini giňden ýaýbaňlandyrmak ugrunda iňňän uly işler alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda ulag sporty hem öňdäki orunlary eýeleýär.
“Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçýän ýylda ýurdumyz köp sanly çärelere, şol sanda sport çärelerine beslenýär. Ýurdumyzda ýene-de sanlyja günden iri sport ýaryşy – “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisi geçiriler. Günler, sagatlar we sekuntlar bizi türkmen topragynda geçiriljek halkara ýaryşa tarap ynamly alyp barýar.
Öňümizdäki boljak ýaryşa ykjam taýýarlyk görülýär. Bu ýaryşa gatnaşmak üçin dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan 80-den köp toparlar isleg bildirdiler. Şolaryň hatarynda zenan ralli türgeniniň bolmagy hem ýurdumyzda geçiriljek halkara awtoralliniň tutuş dünýäde uly gyzyklanma döredendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ine, şu maglumatlar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda geçirilen “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisine bagyşlanan brifingde bellenip geçildi.
Brifinge Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň işgärleri, şeýle hem ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Başlangyjy 1-nji sahypada.
Brifinge gatnaşyjylaryň öňünde Türkmenistanyň Içeri işler, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çykyş etdiler.
Gatnaşyjylara “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisine taýýarlyk görlüşi, geçirilen saýlama tapgyry we öňde boljak ralli-reýdiň diňe ajaýyp sport wakasy däl-de, eýsem Türkmenistanyň halkara üstaşyr-ulag geçelgelerini ösdürmek hem-de multimodal ugurlaryny döretmek babatda işjeň syýasatyna ygrarlylygynyň nyşany bolup durýandygy barada aýratyn gürrüň berildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň bu ýaryşy geçirmek başlangyjyny öňe sürmegi we bu çäräniň guramaçylyk meselelerinden başlap, amaly taýdan durmuşa geçirilmeginiň hut özüniň baştutanlygynda ýerine ýetirilmegi bu uly göwrümli awtosport taslamasynyň aýratyn derejesini görkezýär. Şeýle hem geçiriljek awtorallini şöhlelendirmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň orny barada bellenildi.
Halkara awtoralli ýaryşyna köp sanly “Dakar”, “Africa Eco Race” we “Ýüpek ýoly” ýaly awtorallileriň ýeňijileriniň we dünýä awtoralli sportunyň ýyldyzlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Daşary ýurtly habar beriş serişdeleriniň wekilleri we diplomatlar brifingdäki çykyşlardan “Amul – Hazar 2018” halkara rallisi boýunça jikme-jik maglumatlary almak bilen çäklenmän, eýsem sorag-jogap alyşmaga hem mümkinçilik döredildi.
Döwlet Baştutanymyzyň bu iri halkara ýaryşy Garagum sährasynda geçirmek baradaky teklibi dünýäniň köp ýurtlaryndan ussat awtosürüjiler, şol sanda ralli ýaryşlaryna gatnaşyjylar tarapyndan uly gyzyklanma eýe boldy. Türkmenistan eýýäm halkara ähmiýetli ýaryşlary geçirmekde uly tejribeler gazandy, öňde boljak halkara ralli Türkmenistanyň sport döwleti hökmünde abraýynyň belende galmagynda ýene bir möhüm ädim bolar.
Ýakup ÝAZMYRADOW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.