Beýik Britaniýanyň 48 ýaşyndaky raýaty Lýuis Pýu Demirgazyk deňiz bilen Atlantik ummanyny birleşdirýän La-Manş bogazyny ýüzüp geçdi. Ol bu ýüzüşini Ýer şarynyň ummanlarynda köpelen zir-zibilleriň ýok edilmegine garşy göreşe bagyşlady.
La-Manş bogazynyň uzynlygy 578 kilometr. Ýüzüş 49 gün dowam etdi. Pýu bu ýüzüşine 12-nji iýulda başlapdy. Iňlis ýüzüjisi ýaramaz howa şertleri sebäpli meýilnamasyndan çykmaly boldy.
Ol 7 hepdeläp ýüzüp, maksadyna ýetdi. Lýuis Pýu bu marafonuny tamamlamak üçin bir gije-gündizde 4 sagat uklady. Ol her gün 10-20 kilometri ýüzüp geçdi. Gijelerine bolsa, halas ediş gaýygynda dynç aldy.