Soň­ky 13 ýy­lyň do­wa­myn­da Rus­si­ýa­nyň ila­ty­nyň ara­syn­da sport bi­len meş­gul­lan­ýan­la­ryň sa­ny 2 es­se kö­pe­lip, 38 gö­te­rim­den 60 gö­te­ri­me ýet­di. Ila­tyň on­dan bi­ri hep­de­de bir ge­zek, dört­den bi­ri hep­de­de bir­nä­çe ge­zek, al­ty­dan bi­ri her gün sport bi­len meş­gul­lan­ýar. Bu mag­lu­mat­lar Jem­gy­ýet­çi­lik pi­kir­le­ri­ni öw­ren­ýän äh­li­rus mer­ke­zi ta­ra­pyn­dan jem­len­di. 2006-njy ýyl­da sport bi­len gy­zyk­lan­ýan­la­ryň sa­ny 38 gö­te­ri­me deň­di.
Mer­ke­ziň jem­län mag­lu­ma­ty­na gö­rä, ila­tyň 17 gö­te­ri­mi her gün, 22 gö­te­ri­mi hep­de­de bir­nä­çe ge­zek, 10 gö­te­ri­mi hep­de­de bir ge­zek, 5 gö­te­ri­mi aý­da bir­nä­çe ge­zek we 6 gö­te­ri­mi ýyl­da bir­nä­çe ge­zek sport bi­len meş­gul­lan­ýar. Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne uý­ýan­lar 18-24 ýaş we 60 ýaş­dan ýo­ka­ry­lar­dyr. Bi­rin­ji to­pa­ryň 23 gö­te­ri­mi, ikin­ji to­pa­ryň 21 gö­te­ri­mi her gün sport maşk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­ýär.
Rus ra­ýat­la­ry, esa­san hem sport maşk­la­ry hök­mün­de yl­ga­mak, ýe­ňil at­le­ti­ka we sport ýö­reý­şi­ni saý­lap al­ýar­lar.