Eýranyň lukmançylyk ylymlary uniwersiteti süýjükeseliň öňüni almakda awokadonyň peýdalydygyny mälim etdi. Ol ýokary gan basyşy, artykmaç agram, şekeriň ýokary konsentrasiýasy ýaly alamatlaryň ýüze çykmagynyň öňüni almaga mümkinçilik berýär.
Awokadonyň peýdaly taraplary barada 130-dan gowrak ylmy-barlaglar amala aşyryldy. Şolaryň hatarynda bu miwäniň holesteriniň derejesini azaltmakda has netijelidigi mälim edildi. Awokadonyň ýokary gatlaklarynda lipoproteinleriň köp mukdary saklanýar. Olar hem holesteriniň ýagdaýyny kadalaşdyrmaga şert döredýär.
Mundan başga-da, bu miwäni yzygiderli iýmeklik gan damarlarynda tromblaryň ýüze çykmak howpunyň azalmagyna, ýürek-damar bilen baglanyşykly keselleriň, gan basyşynyň ýokarlanmagynyň we semizligiň öňüni almaga kömek edýär. Awokadonyň düzümindäki lýutein we zeaksantin birleşmeleriniň gözüň bardasy üçin örän peýdalydygy aýdylýar.