Bir aý­lyk ara­kes­me­den soň, For­mu­la 1 bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­tyn­da möw­sü­miň 13-nji ýa­ry­şy Bel­gi­ýa­da ge­çi­ril­di. “Spa-Fran­kor­şamp” tras­sa­syn­da 44 aý­law­lyk bäs­le­şi­ge “Mercedes” to­pa­ry­nyň bri­tan pi­lo­ty Le­wis Ha­mil­ton il­kin­ji ha­tar­dan bat al­dy. Eý­ýäm il­kin­ji aý­law­da ki­çeň­räk çak­ny­şyk bo­lup, Hul­ken­berg, Alon­so we Lek­ler ýa­ryş­dan çyk­dy. Bäsleşik 5-nji aý­la­wa çen­li howp­suz­lyk ula­gy­nyň gö­zeg­çi­li­gin­de geçirildi. Şon­dan soň, Se­bas­ti­an Wet­tel il­kin­ji ha­tar­dan baş­lan Ha­mil­ton­dan öňe saý­lan­dy. “Fer­ra­ri” to­pa­ry­nyň ne­mes sü­rü­ji­si ýa­ry­şyň so­ňu­na çen­li-de or­nu­ny sak­lap, 1 sa­gat 26 mi­nut 50,253 se­kunt­da pel­le­ha­na gel­di. Wet­tel şu ýyl­ky 5-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 57-nji ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Şol bir­wag­tyň özün­de-de “Fer­ra­ri” to­pa­ry 2009-njy ýyl­dan soň, Bel­gi­ýa­da il­kin­ji ge­zek ýe­ňiş ga­zan­dy. Ha­mil­to­nyň 2-nji bo­lan ýa­ry­şyn­da “Red Bull­dan” Maks Wers­tap­pen 3-nji ýe­ri eýe­le­di.
Bu ýe­ňiş­den soň, Wet­tel öň­de­ba­ry­jy Ha­mil­ton bi­len utuk ara­ta­pa­wu­dy­ny 17-ä dü­şür­di. Ha­mil­to­nyň 231, Wet­te­liň 214 utu­gy bar. 146 utuk­ly Ki­mi Ra­ik­ko­nen 3-nji bas­gan­çak­da bar­ýar. Möw­sü­miň 14-nji bäs­le­şi­gi er­tir ýag­ny, 2-nji sent­ýabr­da Ita­li­ýa­da ge­çi­ri­ler.