Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça dikuçarda paýtagtymyzda alnyp barylýan iri gurluşyklaryň, birnäçe desgalaryň, şäheriň durmuş düzümini ösdürmek, abadanlaşdyrmak boýunça maksatnamanyň iş ýüzünde ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy. Milli Liderimiz uçuşyň dowamynda paýtagtymyzyň ekologiýa ýagdaýyna aýratyn üns berdi.
Döwlet Baştutanymyz dikuçaryň ýanynda paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde bina edilen we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Paýtagtymyzyň häkimi hormatly Prezidentimiziň garamagyna ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň gurluşygy bilen bir hatarda, söwda merkeziniň, Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda gurluşygy tamamlanan metjidiň görnüşini, beýleki desgalaryň taslamalaryny, şeýle hem täze döwrebap myhmanhananyň ýerleşjek ýeriniň çyzgylaryny görkezdi.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň häzirki zaman şähergurluşyk syýasatyny amala aşyrmakda bar bolan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, gurulýan desgalarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen bir hatarda häzirki zaman tejribeleriniň utgaşdyrylmalydygyny belledi. Şunlukda, bina edilýän desgalaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen, şolaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegi häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar.
Soňra milli Liderimiz dikuçarda guşuçar belentlikden ak mermerli Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji tapgyrynda bina edilen ýaşaýyş jaý toplumlarynyň ýokarsyndan öwrüm etdi. Milli Liderimiz bu ýerdäki binalaryň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, gurluşygyna girişilen söwda merkezinde alnyp barylýan gurluşyk işlerini synlady.
Döwlet Baştutanymyz Bekrewe ýaşaýyş toplumyna gidýän ýoluň ugrunda gurulýan Ýanyk şikeslerini bejeriş merkezinde alnyp barylýan işleriň derejesi bilen gyzyklanyp, onuň gurluşygynyň hiliniň häzirki zamanyň ýokary talaplaryna kybap gelmegi we öz wagtynda gurlup gutarylmagy bilen baglanyşykly wezipeleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiziň dikuçary häzirki döwürde şäheri ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan ýer bolan Köşä tarap ugur aldy.
Bu taslama köp öýli we birnäçe gatly onlarça ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de beýleki binalaryň gurluşygyny özünde jemleýär.
Soňra döwlet Baştutanymyzyň dikuçary Aşgabadyň günorta-günbatar künjegine tarap ugur aldy. Soňky ýyllarda bu ýerler tanalmaz derejede özgerdi. Paýtagtymyzyň ilatynyň dynç almagy üçin ýakymly howasy we oňyn şertleri bolan bu künjekde ýylyň ähli paslynda gök öwüsýän tokaý zolaklary kemala geldi. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasy bilen “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýadygärlikler toplumynyň aralygynda ýerleşýän baýryň üstünde täze myhmanhanany gurmak boýunça tabşyryk berdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, täze myhmanhananyň binagärlik çözgüdi taryhy Nusaýyň nusgasynda täze Nusaýyň döredilýändiginiň güwäsine öwrüler. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde gurulmagy göz öňünde tutulýan döwrebap myhmanhananyň ýerleşjek ýeri, bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz täze myhmanhana toplumynyň ýerleşjek ýerini gözden geçirip, onuň binagärlik çözgüdinde gadymy Parfiýa şalarynyň köşgüniň gurluş aýratynlygynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi. Munuň özi ady rowaýata öwrülen taryhy Nusaýyň täzeden dikeldilýändigini alamatlandyrar.
Soňra hormatly Prezidentimiziň dikuçary paýtagtymyzyň häzirki zaman işewürlik merkeziniň kemala gelýän ýeri bolan günorta künjegine tarap ugur aldy. Köpetdagyň eteginden geçýän Çandybil şaýolunyň ugrunda birnäçe edara binalarynyň gurluşygy dowam edýär. Çandybil şaýolunyň ugrunda ýakyn geljekde Halkara maslahat merkeziniň we kaşaň myhmanhananyň binalar toplumy emele geler. Hormatly Prezidentimiz gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, dikuçardan ýerine ýetirilen işleri synlady.
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda alnyp barylýan işler bilen tanyşlygy şäheriň demirgazyk künjeginde dowam etdi. Milli Liderimiz ýüzugra Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda umumy eýeleýän meýdany 10 gektara barabar bolan täze “Garagum” myhmanhanasynyň ýerleşjek ýerlerini synlady. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde häzirki zaman söwda merkeziniň we hyzmat ediş binalary bolan işewürlik merkeziniň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Şu ýerde 320 orunlyk çagalar bagynyň, 720 orunlyk orta mekdebiň, söwda we dynç alyş merkeziniň, Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda täze edara binalarynyň gurluşygy meýilleşdirildi. Şeýle hem bu ýerde eýeleýän meýdany 10 gektara golaý bolan seýilgäh toplumy gurlar. Onuň merkezi böleginde Oguz hanyň ýyldyzy şekilinde ýerleşdirilen suw çüwdürimler toplumy bina ediler.
Soňra milli Liderimiz Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşen Owadandepede gurulýan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygynyň gidýän ýerine tarap ugur aldy. Owadandepede gurulýan iri önümçilik dünýädäki ilkinji gazhimiýa toplumydyr. Bu ýerde tebigy gazy gaýtadan işlemek arkaly ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän dünýäde ilkinji gazhimiýa toplumynyň gurluşygyny synlady.
Uçuş tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz täze taryhy eýýamda Türkmenistany dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň birine öwürmek babatdaky belent maksadyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň köpugurly esasda ösdürilmegine we önümçilige täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň we taslamalarynyň ählisi esasy maksada ýetmäge – eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine, onuň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine we mähriban halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna gönükdirilendir.