Söwda-senagat edarasynda “Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary” ady bilen halkara sergi we maslahat guraldy. Energetika senagatynyň işgärleriniň hünär baýramçylygynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen her ýylda geçirilýän sergi ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň amala aşyrylyşyny beýan etdi.
Ýurdumyzyň ägirt uly kuwwatlyklaryny, geljekki ösüşini we bu ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygyny äşgär etmek üçin ygtybarly binýat bolup durýar.
Ýöriteleşdirilen bu forumy Energetika ministrligi bilen Söwda-senagat edarasy bilelikde guradylar. Sergä gatnaşýanlaryň sanynyň ýyl-ýyldan artmagy bu pudagyň ýokary sazlaşykly ösüşe eýe bolýandygyny we daşary ýurtlaryň hem-de ýerli işewür toparlaryň bu pudakda ýygjam gatnaşyklary ýola goýmaga ägirt uly gyzyklanma bildirýändiklerini alamatlandyrýar.
Milli Liderimiziň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösdürilmegi netijesinde, halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen birlikde, energetika senagatynyň döwrebaplaşdyrylmagy üçin zerur şertleriň döredilendigi bellenilýär. Häzirki döwürde energetika pudagynyň depginli ösüşi daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan elektrik energiýanyň eksport möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda köpugurly gözden geçiriliş ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde dünýäniň elektroenergetika kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň pudaklaýyn düzümleriniň we hususy telekeçiligiň bölümlerinde 160-a golaý diwarlyklar görkezildi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň bu foruma bolan gyzyklanmalary pudagyň maýa goýum özüne çekijiligini we işewür düzümleriň netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bolan islegini äşgär edýär.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan giň möçberli taslamalar elektroenergetika pudagynyň sazlaşykly ösüşini görkezýär. Ýurdumyzyň senagatlaşdyrylmagy babatda elektro energiýa bolan islegleriň artýandygyny nazara almak bilen, “Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň 2013–2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy” kabul edildi.
Bu Konsepsiýanyň çäklerinde soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda köp sanly gazturbina elektrik beketleri guruldy we ulanmaga berildi. Pudagyň hünärmenleri 2020-nji ýyla çenli ýurdumyzyň çäklerinde umumy kuwwaty 3854 MWt bolan täze energetika taslamalaryny ulanmaga bermegi meýilleşdirýärler. Şeýlelikde, şol döwre çenli Türkmenistanda öndürilýän elektrik energiýanyň derejesi 26 milliard 380 million kWt sagada barabar bolar. Onuň eksport edilýän möçberleri bolsa, birnäçe esse ýokarlanar.
Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda ýurdumyzyň energetika senagatynyň ösüşine bagyşlanan Halkara ylmy maslahat geçirildi. Onda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Türkmenistanyň energetika syýasaty milli elektroenergetika ulgamynyň ýakyn geljek üçin ösüşiniň esasy ugurlaryny, ýurduň dünýäniň energetika ulgamyna mundan beýläk-de goşulmagy boýunça anyk hereketlerini kesgitleýär.