Awstriýanyň paýtagtynda, “Savoýen Vienna” myhmanhanasynda Türkmen-awstriýa işewürler forumy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň uly wekiliýeti, Awstriýa Respublikasynyň döwlet düzümleriniň hem-de işewür toparlarynyň, beýleki Ýewropa döwletleriniň iri kompaniýalarynyň ençemesiniň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar. Jemi türkmen we daşary ýurt kompaniýalarynyň 130-a golaýy özara bähbitleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik aldylar.
Wekiliýetimiziň agzalarynyň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiz ýewropaly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklara, şol sanda işewürler düzümleriniň arasynda göni hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly ähmiýet berip, türkmen telekeçiligini ösdürmek üçin ähli şertleri döredýär.
Awstriýa tarapyndan Söwda-senagat edarasynyň wise-premýeri R.Şens hem-de şu düzümiň baş sekretary K.Kopf gutlag sözi bilen çykyş etdiler. Soňra Awstriýa Respublikasynyň Federal Ykdysady Palatasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa bilen daşary ykdysady aragatnaşyklary boýunça sebit direktory M.Angerer hem-de Awstriýa Respublikasynyň Ýewrobrending institutynyň direktory G.Hrebiçek, Ýewropanyň Abatlaýyş we ösüş bankynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça direktory N.Makkeýn hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri bilen tanyşdyrdylar.
Görkezilen wideofilm häzirki Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty barada aýdyňlyk bilen gürrüň berdi. Onda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylan ägirt uly özgertmeler öz beýanyny tapdy.
Şu duşuşygyň barşynda ykdysadyýetiň we maýa goýumlarynyň dürli ulgamlarynda, ýokary tehnologiýalar babatda gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň ýollary, Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky haryt dolanyşygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri öwrenildi. Taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýagdaýyna garadylar, mundan beýläk gatnaşyklaryň geljegini seljerdiler we ileri tutulýan ugurlarda bilelikdäki işiň anyk meýilnamalaryny bellediler.
Duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliginiň bardygyny belläp, goşulyşmagyň täze usullaryny gözlemegiň wajypdygy barada bir pikire geldiler, forumyň gün tertibine girizilen teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, 2017-nji ýylyň iýun aýynda Wenada açylan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mümkinçilikleri bellenildi. Bu wekilhana ýurdumyzyň hem-de Ýewropanyň işewür toparlarynyň arasynda baglanyşdyryjy merkez bolar, eksport-import amallarynyň hem-de özara iberilýän harytlaryň we hyzmatlaryň möçberlerini artdyrmaga, şeýle hem iki döwletiň hojalyk düzümleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam eder.
Wekiliýetleriň ýolbaşçylary türkmen – awstriýa hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçiliklerini belläp, şu gezekki işewürler maslahatynyň barşynda gazanylan hem-de degişli teswirnamalarda (jemi 10-dan gowrak ikitaraplaýyn resminama) berkidilen täze ylalaşyklaryň, özara meýilleriň doly möçberli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.