Türk­me­nis­tan­da mö­hüm oba ho­ja­lyk möw­sü­mi — pag­ta ýy­gy­my­na gu­ra­ma­çy­lyk­ly gi­ri­şil­di. Ýur­du­my­zyň baý­ly­gy ha­sap­lan­ýan “ak al­ty­nyň” bol ha­sy­ly­ny ýe­tiş­dir­ýän türk­men pag­ta­çy­la­ry bu gün çe­ken zäh­me­ti­niň reh­ne­ti­ni gör­ýär. Ýur­du­myz­da äh­li ugur­lar bi­len bir ha­tar­da oba ho­ja­ly­gy pu­da­gyn­da­ky ösüş­ler mil­li Li­de­ri­mi­ziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li hem-de pa­ra­sat­ly sy­ýa­sa­ty esa­syn­da has-da be­len­de gal­ýar.

Ýur­du­my­zyň eder­men daý­han­la­ry şu gün­ler oba ho­ja­lyk möw­sü­mi­niň gyz­ga­laň­ly döw­rü­ni baş­dan ge­çir­ýär­ler.
Bir ta­rap­dan be­re­ke­tiň bol­çu­ly­gy ha­sap­lan­ýan gal­la dä­ne­le­ri top­ra­ga se­pi­lip, bug­da­ýyň bol ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek ba­bat­da ta­gal­la edil­ýär­kä, beý­le­ki bir ta­rap­dan bol­sa “ak al­tyn­ly” ker­wen­ler ýo­la düş­dü­ler. Di­ýa­ry­my­zyň Ahal, Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ryn­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň ak pa­ta ber­me­gin­de pag­ta ýy­gy­my baş­lan­dy. Di­ňe ýur­du­my­zyň de­mir­ga­zyk we­la­ýa­ty Da­şo­guz­da top­rak-ho­wa şert­le­ri­ne gö­rä, pag­ta ýy­gy­my­na 16-njy sent­ýabr­da gi­ri­şi­ler.
Pag­ta­çy­lyk – mu­nuň özi da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ön­dür­mek we ýur­du­my­zyň eks­port kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak ba­bat­da­ky mil­li mak­sat­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge sal­dam­ly go­şant goş­ýan Türk­me­nis­ta­nyň oba­se­na­gat top­lu­my­nyň esa­sy pu­dak­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ge­çen ýyl türk­men pag­ta­çy­la­ry Wa­tan har­ma­ny­na 1 mil­li­on 100 müň ton­na­dan gow­rak pag­ta tab­şy­ryp, şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny ar­ty­gy bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler.
Şu ýyl ýur­du­myz­da “ak al­ty­nyň” 1 mil­li­on 50 müň ton­na­sy­ny, şol san­da Ahal we­la­ýa­tyn­da 207 müň ton­na­sy­ny, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da 230 müň ton­na­sy­ny, Le­bap we­la­ýa­tyn­da 300 müň ton­na­sy­ny, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da 313 müň ton­na­sy­ny taý­ýar­la­mak mak­sat edi­nil­ýär. Go­wa­ça ýe­tiş­dir­mek üçin bö­lü­nip ber­len ýe­riň umu­my meý­da­ny 545 müň gek­ta­ra deň­dir. Ýaz aý­la­ry şol ýer­ler­de in­çe sü­ýüm­li pag­ta­nyň “Ýo­lö­ten – 7”, “Da­şo­guz – 120”, “Ser­dar”, “Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýy­ly – 4727”, “Ýo­lö­ten – 39”, “Ýo­lö­ten – 14”, “Jeý­hun”, “Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýy­ly – 2606” we beý­le­ki to­hum­la­ry ekil­di.
Pag­ta ýy­gy­my­nyň gu­ra­ma­çy­lyk­ly al­nyp ba­ryl­ma­gy üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­di. Oba­se­na­gat pu­da­gy­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy ber­ki­dil­di. Şo­ňa la­ýyk­lyk­da, pag­ta ýyg­mak­da 1 müň 76 pag­ta ýy­gy­jy kom­baýn­lar he­re­ket eder, ýag­ny mu­nuň özi 2016-njy ýyl­da­ky­dan 2,5 es­se köp­dür. Meý­dan­la­ra 2 müň 260-dan gow­rak aw­tou­lag, 2 müň 162 trak­tor hem-de pag­ta­ny da­şa­ma­ga ni­ýet­le­nen tir­keg trak­tor­la­ry­nyň 3 müň 325-si çy­ka­ry­lar.
Go­wa­ça­nyň tä­ze ha­sy­ly­ny ka­bul et­mä­ge kär­ha­na­la­ryň 156-sy hem-de pag­ta aras­sa­laý­jy za­wod­la­ry­nyň 38-si taý­ýar edil­di. Şo­la­ryň ýa­nyn­da­ky bar­lag­ha­na­lar­da “Türk­mens­tan­dart­la­ry” döw­let gul­lu­gy­nyň hü­när­men­le­ri pag­ta­nyň hi­li­ne düýp­li bar­la­gyň ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün eder­ler.
Şeý­le hem ýur­du­my­zyň Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň eder­men gal­la­çy­la­ry güýz­lük bug­daý eki­şi­ne hem gi­riş­di­ler. Şu ýyl tutuş ýur­du­myz bo­ýun­ça 760 müň gek­ta­ra ak bug­daý eki­ler. Gal­la­çy daý­han­lar 2019-njy ýyl­da 1 mil­li­on 600 müň ton­na dä­ne al­ma­gy göz öňün­de tut­ýar­lar. De­mir­ga­zyk we­la­ýa­ty­myz­da bug­daý hasy­ly­nyň 300 müň ton­na­sy­ny taý­ýar­la­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.