Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy tu­tuş dün­ýä ila­ty­nyň dört­den bi­rin­den gow­ra­gy­nyň, ýag­ny 1,5 mil­liard ada­myň fi­zi­ki maşk­la­ry ýe­ter­li de­re­je­de ýe­ri­ne ýe­tir­me­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di. Gu­ra­ma­nyň hü­när­men­le­ri 168 ýur­duň ila­ty­nyň sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly bar­lag iş­le­ri­ni ge­çir­di. Bar­lag­la­ryň ne­ti­je­le­ri­ne gö­rä, bu gör­ke­zi­ji bo­ýun­ça La­tyn Ame­ri­ka­sy­nyň, Ka­rib deň­zi se­bi­ti­niň, Gü­nor­ta Azi­ýa we Gün­ba­ta­ryň kä­bir ýurt­la­ry­nyň ze­nan­la­ry­nyň has iş­jeň­di­gi anyk­lan­dy.
– Adam­la­ryň fi­zi­ki maşk­la­ry­ ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi üçin ze­rur şert­ler dö­re­dil­me­li. Se­ýil­gäh­ler, sport meý­dan­ça­la­ry, amat­ly ýan­ýo­da­lar şä­her ýa­şaý­jy­la­ry­nyň hyz­ma­tyn­da bol­ma­ly. Esa­san hem, ze­nan­la­ryň we gar­ry adam­la­ryň fi­zi­ki he­re­ket­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len has köp mak­sat­na­ma­la­ry iş­läp düz­me­li – di­ýip, BSGG-niň hü­när­me­ni Fio­na Bull gür­rüň ber­ýär.
BSGG-niň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, döw­let­ler­de ýo­ka­ry gir­de­ji­li ýa­şaý­jy­la­ryň sa­ny kö­pel­ýär, ýö­ne olar iş ýe­rin­de ýa-da boş wagt­la­ryn­da fi­zi­ki he­re­ket­li­li­ge ýe­ter­li de­re­je­de wagt sarp et­me­ýär­ler. Ol hem sag­ly­ga we dur­mu­şyň de­re­je­si­ne tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Soň­ky 15 ýy­lyň do­wa­myn­da az he­re­ket ed­ýän adam­la­ryň sa­ny 32 gö­te­rim­den 37 gö­te­ri­me çen­li ýo­kar­lan­dy. Az gir­de­ji­li ýurt­lar­da bu gör­ke­zi­ji 16 gö­te­rim de­re­je­sin­dä­ki dur­nuk­ly­ly­gy­ny sak­lap gel­ýär.
Gu­ra­ma­nyň ýurt­lar we se­bit­ler bo­ýun­ça taý­ýar­lan mag­lu­ma­ty­na gö­rä, ABŞ-nyň ila­ty­nyň 40 gö­te­ri­mi we Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň hal­ky­nyň 36 gö­te­ri­mi ýal­ta­lyk ed­ýär. Rus­si­ýa­da uly ýaş­ly adam­la­ryň 17 gö­te­ri­mi az he­re­ket ed­ýär. bu gör­ke­zi­ji Uk­rai­na­da 19 gö­te­rim, Be­la­rus­da 14 gö­te­ri­me deň­dir.
Umu­man, tu­tuş dün­ýä­de ze­nan maş­ga­lalaryň üç­den bi­ri, er­kek­le­riň bol­sa, dört­den bi­ri luk­man­la­ryň, uly ýaş­da­ky adam­la­ryň fi­zi­ki taý­dan sag­dyn dur­muş ka­da­la­ry­ny ber­jaý et­mek ba­bat­da­ky mas­la­hat­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­me­ýär. Uly ýaş­ly adam­la­ra hep­de­de aram-aram 150 mi­nut, ýo­ka­ry dep­gin­de hep­de­de 75 mi­nut sport bi­len meş­gul­lan­mak mas­la­hat be­ril­ýär.

Şemsi BAPBIÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky
TO­HU-nyň mugallymy.