Soň­ky 7 ýy­lyň do­wa­myn­da tu­tuş dün­ýä­de sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da yzy­gi­der­li ösüş ga­za­nyl­ýar. Ýö­ne 2017-nji ýyl bu pu­dak üçin has go­wy ýyl­la­ryň bi­ri bol­dy. Da­şa­ry ýurt­la­ry ge­ze­lenç ed­ýän­le­riň sa­ny bar­ha art­ýar. Hem­me­ler­den köp hy­taý­ly ja­han­keş­de­ler has köp pul sarp et­mä­ge is­leg bil­dir­ýär­ler. Bu gör­ke­zi­ji bo­ýun­ça il­kin­ji on­lu­ga rus ja­han­keş­de­le­ri hem gaý­dyp gel­di. Sy­ýa­hat­çy­lar iň köp Fran­si­ýa­ny we Is­pa­ni­ýa­ny saý­lap al­ýar­lar. Bu mag­lu­mat­lar Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bü­tin­dün­ýä Sy­ýa­hat­çy­lyk Eda­ra­sy ta­ra­pyn­dan ýaý­ra­dyl­dy.
Gu­ra­ma­nyň ýaý­ra­dan mag­lu­ma­ty­na gö­rä, ja­han­keş­de­le­riň ara­syn­da Ýew­ro­pa­nyň we Af­ri­ka­nyň ýurt­la­ry has meş­hur­lyk ga­za­nyp baş­la­dy. Bu ýer­le­ri sy­ýa­hat ed­ýän­le­riň sa­ny de­giş­li­lik­de 8 we 9 gö­te­rim art­dy. Aý­ry-aý­ry ýurt­lar ba­bat­da aý­dy­lan­da bol­sa, bu ugur­da öň­de­li­gi Fran­si­ýa eýe­le­ýär, ikin­ji orun­da Is­pa­ni­ýa bar­ýar. Umu­man, 2017-nji ýyl­da hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny 1 mil­liard 323 mil­li­on ada­ma ýet­di. Bu gör­ke­zi­ji 2016-njy ýyl bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, 84 mil­li­on adam köp. Hy­taý­ly ja­han­keş­de­ler has köp pul sarp ed­ýär. Ola­ryň or­ta­ça sarp eden muk­da­ry 258 dol­la­ra deň­dir. Umu­man, sy­ýa­hat­çy­lyk üçin sarp edi­len muk­dar 1,3 tril­li­on dol­la­ra ba­ra­bar­dyr.