Meksikada dünýä belli kofe satýan “Starbucks” kompaniýasynyň täze dükany açyldy. Onuň beýlekilerden tapawutly aýratynlygy işgärleridir. Bu dükanyň işgärleri pensionerlerden durýar. 55-66 ýaş aralygyndaky pensionerler ýurduň paýtagty Mehiko şäheriniň golaýyndaky şäherçeleriň birinde açylan dükany işlederler. Häzir olar ýaş hünärmenleriň gatnaşmagynda iş öwrenýärler. Pensionerler bu iş mümkinçiliginden gaty hoşaldyklaryny belleýärler.
“Starbucks” kompaniýasy ýurduň hökümeti bilen pensionerleri iş bilen üpjün etmek babatda maksatnamany işe girizdi. Garry adamlar hepdede iki gün dynç alarlar we lukmançylyk ätiýaçlandyrmasyna eýe bolarlar. Olar 6,5 sagat işlärler. Ýylyň ahyryna çenli kompaniýa ýene-de 113 adamy işe almagy göz öňünde tutýar.
Meksikada pensiýa ýaşynda 12 million adam ýaşaýar. Bu görkeziji ýurduň jemi ilatynyň 10 göterimini tutýar.