Ýaponiýanyň awtogurluşyk konserni “Toyota Motor Corporation” bilelikde sürüjisiz awtoulag işläp düzmek maksady bilen, “Uber Technologies Inc” kompaniýasyna 500 million dollar maýa goýjakdygyny habar berdi. Sürüjisiz dolandyryş tehnologiýasy bilen abzallaşdyrylan awtoulagy ulanmaga bermek boýunça hyzmatlary ösdürmek, şeýle hem ony bazara çykarmak maksady bilen iki kompaniýa hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyk gazandylar. Şeýle maksatlary amala aşyrmak üçin iki kompaniýanyň täze awtoulagy “Uber”-iň taksi hyzmatlarynda ulanylar diýlip, kompaniýanyň beýanatynda mälim edilýär.
“Toyota Sienna” şeýle awtoulagyň nusgasy bolup hyzmat eder. Onuň “Uber”-iň ýörite taksisi hökmünde ulanylmaga başlanmagy 2021-nji ýylda meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, sürüjisiz dolandyryş tehnologiýasyna goşmaça ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, ýapon kärhanasynyň tehnologik enjamlary ornaşdyrylar. Sürüjisiz awtoulaglaryň ýol hereketindäki howpsuzlygy şeýle awtoulaglarda mart aýynda ýüze çykan ýol heläkçiliginden soňra “Uber” üçin has möhüm meseleleriň biri bolup durýar.
“Toyota Motor Corporation” “Toyota Group”-yň iri bölümi bolup, ýapon awtoulag senagatynyň lideridir. Ol 1937-nji ýylda esaslandyrylyp, onuň ştab-kwartirasy Toýota şäherinde ýerleşýär. Kompaniýanyň satuwy 2018-2019-njy maliýe ýylynyň birinji çärýeginde 2,236 million ulagdan ybarat bolup, bir ýyl ozalkysyna garanyňda, 0,9 göterim köpdür.
“Uber” taksi hyzmatlaryny hödürleýän öňdebaryjy amerikan kompaniýasydyr. Müşderi zerur halatynda mobil ulgamy arkaly taksi sargyt edip ýa-da ony bronlap bilýär.