De­ňiz ke­na­ryn­dan bir­nä­çe ki­lo­metr uzak­lyk­da gu­rul­ýan ýel tur­bi­na­la­ry aras­sa çeş­me­ler­den elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny al­ma­ga uly go­şant goş­ýar. De­ňiz­ler­dä­ki güýç­li ýe­liň ös­me­gi hem-de ýa­gşyň köp ýag­ma­gy, wag­tyň geç­me­gi bu äpet “de­gir­men­le­riň” pos­la­ma­gy­na we ha­tar­dan çyk­ma­gy­na ge­tir­ýär. Da­ni­ýa­da bu ugur­da iş alyp bar­ýan teh­no­lo­gi­ýa mer­ke­zi tur­bi­na per­le­ri­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dyr­ýan tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­ny iş­läp düz­ýär­. Hü­när­men­ler la­bo­ra­to­ri­ýa şert­le­rin­de tä­ze ma­te­ri­al­la­ry­ny sy­nag­dan ge­çir­ýär­ler. Ola­ryň täze iş­läp taý­ýar­lan ma­te­ria­ly bi­len gap­la­nan­da bu des­ga­lar yga­la bäş es­se çy­dam­ly bol­ýar­lar. Şeý­le­lik­de, ola­ry abat­la­mak we gur­mak üçin edil­ýän çyk­da­jy ep-es­li de­re­je­de aza­lar. Olar, esa­san hem, al­ýu­mi­niň çüý­re­me­gi­niň öňü­ni al­ýar. Tur­bi­na­la­ra teh­ni­ki taý­dan ideg et­mek hem o di­ýen ar­zan däl. Se­bä­bi olaryň uzynlygy hem on­lar­ça met­re ýet­ýär. Elekt­rik ener­gi­ýa­syn­da ýel­den peý­da­lan­mak Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da ýyl­sa­ýyn art­ýar. Häz­irki wagt­da se­bit­de sarp edil­ýän elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň 11,4 gö­te­ri­mi bu tur­bi­na­lar­dan alyn­ýar. Da­ni­ýa bol­sa beý­le­ki ýurt­la­ra ga­ra­nyň­da ener­gi­ýa­nyň bu çeş­me­si­ni has köp peý­da­lan­ýar. Ge­çen ýy­lyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň 42 gö­te­ri­mi ýel be­ket­le­ri ar­ka­ly al­nyp­dyr.